HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Zagrebden Aşgabada işewürlik köprüsi – Horwatiýa we Türkmenistan ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Oktýabr 07, 2025 | 23:45 |13038
Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-RadmanyňTürkmenistana amala aşyran sapary many-mazmuna baý bolan ykdysady maksatnama bilen tapawutlandyHorwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-RadmanyňTürkmenistana amala aşyran sapary many-mazmuna baý bolan ykdysady maksatnama bilen tapawutlandy
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 7-nji oktýabr | ORIENT. Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-RadmanyňTürkmenistana amala aşyran sapary many-mazmuna baý bolan ykdysady maksatnama bilen tapawutlandy. Horwatiýanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilçilikli işewürler topary we öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Aşgabat şäherinde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen türkmen-horwat işewürlik forumynyň açylyşyna gatnaşdy.

Çäre iki ýurduň hem strategiki ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Horwatiýanyň wekiliýetine “404”, “Decode”, “In foro viridi”, “Insako”, “Laser Inzenjering” we “Neuchemie” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary girdi, bu Horwatiýanyň gyzyklanmalarynyň giň toplumyny görkezýär – ýokary tehnologiýa we IT-den başlap senagat we inženerçilige çenli.

07102025-biznes-horvatiya-turkmenistan (1).jpeg

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda gurnalan Türkmen-horwat işewürlik forumynyň meýdançasynda hem ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Horwatiýa üçin Türkmenistan Merkezi Aziýada iň möhüm hyzmatdaş we Ýewropany Merkezi, Günorta we Gündogar Aziýa bilen birleşdirýän “köpri” hökmünde garalýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýetini görkezýär.

07102025-biznes-horvatiya-turkmenistan (4).jpeg

Ýene bir möhüm çäre – Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň dördünji mejlisi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen mejlise howrat tarapyndan Döwlet sekretary, Ykdysadyýet ministri Goran Romek ýolbaşçylyk etdi. Toparyň horwat tarapyna Ykdysadyýet ministrligi, DIM-i şeýle hem Söwda-senagat edarasy ýaly birnäçe edaralaryň wekilleri girdi.

Çarşenbe güni, 8-nji oktýabrda horwat wekiliýeti Türkmenistanyň önümçilik mümkinçiligini bilen amaly taýdan tanyşmagy maksat edinýär. Myhmanlar önümçiliginiň guralyşyny öwrenmek üçin käbir hususy kompaniýalaryň senagat meýdançalaryna şol sanda “Aýdyň Gijeler” HJ we Aşgabadyň dokma toplumyna baryp gördüler.

07102025-biznes-horvatiya-turkmenistan (2).jpeg

Maksatnamanyň medeni bölegi, ýurduň baý medeni we taryhy mirasyny bilen tanyşdyrýan Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmegi öz içine aldy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026