HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan - Ýaponiýa: Talyp alyş-çalyş maksatnamasy üstünlikli dowam edýär

Oktýabr 07, 2025 | 19:05 |12182
Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde HYYÖU -nyň iki talyby — Nowruz Allanazarow we Aýbölek Ataýewa — bir ýyllyk talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde okuwlaryny dowam etdirmek üçin Ýaponiýa iberildiTokio Daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde HYYÖU -nyň iki talyby — Nowruz Allanazarow we Aýbölek Ataýewa — bir ýyllyk talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde okuwlaryny dowam etdirmek üçin Ýaponiýa iberildi
Çeşme: education.gov.tm

Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde HYYÖU -nyň iki talyby — Nowruz Allanazarow we Aýbölek Ataýewa — bir ýyllyk talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde okuwlaryny dowam etdirmek üçin Ýaponiýa iberildi.

Bu maksatnama HYYÖU-da halkara hyzmatdaşlyk ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesi bolup, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklarynyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi hem-de medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Ol talyplara halkara tejribe toplamak, bilim derejelerini artdyrmak hem-de ýurdumyzy dünýä derejesinde mynasyp derejede tanatmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Talyp alyşygynyň ýola goýulanyndan bäri jemi 11 sany HYYÖU-nyň talyplary Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bilim aldy, şeýle hem Ýaponiýadan bir talyp HYYÖU-da okuw maksatnamasyna gatnaşdy. Bu alyş-çalyş maksatnamasy iki uniwersitetleriň arasyndaky bilim gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hyzmat edýär.

2016-njy ýylda HYYÖU-da döredilen Ýapon bilim we medeniýet merkezi (Global Japan Office) hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär. Ol uniwersitetde ýapon diliniň okadylyşyny goldamak bilen bir hatarda, dostlukly ýurtlaryň bilim ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem uly goşant goşýar.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026