

“Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy meýletinçi bolmaga çagyrýar
“Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň Meýletinçiler akademiýasyna girmek üçin ýüz tutmalaryň kabul edilişi başlandy.


“Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň Meýletinçiler akademiýasyna girmek üçin ýüz tutmalaryň kabul edilişi başlandy.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi robot tehnikasy boýunça ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirer. Çäräni geçirmegiň tertibi baradaky Düzgünnama ministrligiň resmi saýtynda çap edildi .


Türkmenistanyň aragatnaşyk we kommunikasiýa pudagynyň ýaş wekilleri ýurduň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýraklary bilen sylaglandylar. Gowşurylyş dabarasy Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň çäklerinde bolup geçdi – diýip, ORIENT-e «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde habar berdiler.


ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurduň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty bilen bilelikde orta mekdepleriň mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça gollanmany döretdiler. Bu barada guramanyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.


Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentinde (Mejlisinde) çykyş etmek bilen, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin «Hazar bäşligi» parlament formatynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi – diýip, «RIA Nowosti» habar berýär Döwlet Dumasynyň başlygynyň sözlerine görä, bu bäş Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň baştutanlarynyň öňki gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder.


Türkmenistanyň Parlamentiniň (Mejlisiniň) başlygy Gülşat Mämmedowa Aşgabatda Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşygynyň dowamynda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň deputatlaryny ýurtdaky öňde duran parlament saýlawlarynda synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy – diýip, DD-nyň saýty habar berýär.


Belarus Respublikasynyň Emläk baradaky döwlet komiteti awtomatiki kadada hukuk bozulmalary ýüze çykarmak üçin neýrosetleri ulanmaklygy meýilleşdirýär – diýip, edaranyň baştutany Dmitriý Matusewiçe salgylanyp, BelTA habar berýär.


Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň RF-nyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşygynda esasy tema boldy - diýip, RF-nyň DD-nyň resmi saýtynda habar berilýär.


Ýewropa ýerasty suwlaryň ätiýaçlygynyň kemelmegi sebäpli elhenç gurakçylygyň bäri ýanynda dur. Şu hili netijä Awstriýanyň tehniki uniwersitetiniň geodeziýa institutynyň alymlary geldiler - diýip, Focus uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär.


Duşenbe güni, 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $19 mln amerikan dollaryndan gowrak 9 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Ahal welaýatynyň «Artyk» gümrük nokady Watan gorgaçylarynyň gününiň baýram edilmegine bagyşlanyp geçirilen bäsleşikde «Ýylyň gümrük posty» diýlip yglan edildi – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde boldy.


Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegi, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar.


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.