HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýanwar 30, 2023 | 21:52 |7614
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde boldy.Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde boldy.
Çeşme: Watan

Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde boldy.

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerinde gatnaşyklar, kanunçykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alşylmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek barada kabul edilen çözgütler bilen tanyşdyryldy, şeýle hem bilelikdäki mejlisde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilendigi barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary kabul edildi.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti şu ýylyň martynda tamamlanylýar. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy rus parlamentarilerini ýurdumyzda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna halkara synçylar hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Döwlet Dumasynyň Türkmenistana öz wekillerini ugratjakdygyny tassyklady.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýolunyň Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, parlamentarileriň wezipesi parlamentara gatnaşyklarynyň üsti bilen ýurtlarymyzy ýakynlaşdyrmak, ösdürmek hem-de raýatlaryň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri tapmakdan ybaratdyr.

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodin saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky Şöhrat» ýadygärligine gül goýdy hem-de milli gahrymanlarymyzy – Watan goragçylaryny we 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini hatyralady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026