

Türkmenistanyň paýtagty ýurduň iň gowy karateçilerini bir ýere ýygnar
Karate-do boýunça Türkmenistanyň çempionaty 23-nji dekabrda başlanar. Çempionat Aşgabadyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebinde geçiriler.


Karate-do boýunça Türkmenistanyň çempionaty 23-nji dekabrda başlanar. Çempionat Aşgabadyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebinde geçiriler.


BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejedäki bilermenler wekiliýeti Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky ilatyň we ýaşaýyş gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlygyna we onuň geçirilişine oňyn baha berdi – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti bilermenleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifinginiň jemleri boýunça ýazýar.


BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan maýyplygy bolan adamlar barada maglumatlary ýygnamak, seljermek we olardan peýdalanmak boýunça okuw seminary tamamlandy.


Daşary ýurt raýatlaryna Fransiýada magistrlik we doktorlyk derejesini almaga mümkinçilik berýän Eiffel Excellence stipendiýasynyň maksatnamasyna ýüz tutmalaryň kabul edişligi tamamlanyp barýar.


Aeronawtika we kosmos giňişligindäki barlaglar boýunça Milli müdirligiň (NASA) ylmy barlagçylary Marsyň köp böleginde şemalyň tizliginiň turbinalaryň elektrik toguny öndürmegi üçin ýeterlik güýçlidir diýen netijä geldiler – diýip, Phys.org habar berýär.


Türkmenistanyň paýtagty "Galkynyş" sport toplumynda dürli ýaş derejelerinde erkin we grek-rim göreşi boýunça ýurduň iň gowy türgenlerini kabul eder.


“Türkmenistan adatdan daşary uly geljegi bolan, syýasy taýdan goldawa eýe bolmagy bilen tebigy serişdelere baý ýurtdyr, bu bolsa ony sebitde durnuklylygyň möhüm ýagdaýyna öwürýär” diýip, **[Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi](https://orient.tm/ru/post/42532/italiya-naznachila-novogo-posla-v-ashhabade)** Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.


Ýaponiýanyň Sumitomo korporasiýasy düzüminde taksileriň 780-si we awtobuslaryň 1330-sy bolan Toyota awtoulaglarynyň 2110-syny Türkmenistana iberýär. Bu baradaky maglumatlary Korporasiýa “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen baglaşylan şertnamanyň jikme-jikliklerini öz resmi saýtynda açyp görkezdi. Şeýle hem onda taksileriň degişli ýaşyl nyşanlary bolan ak reňkli Corolla ulaglarynyň hem-de Hiace we Coaster awtobuslarynyň (olar hem radiatorynyň gözenekleri bilen birlikde ak reňkde) fotosuratlary ýerleşdirilipdir.


Bütindünýä meşhur Netflix onlaýn-kinoteatry Temirlen ady bilen has meşhur bolan Özbegistanyň gahrymany Emir Temir hakynda taryhy film düşürer. Eksterýer ýazgylaryň köp böleginiň Gazagyztanda, interýer ýazgylaryň bolsa Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, bu ýurtlaryň habarlar agentlikleri habar berýär.


Penşenbe güni Aşgabatda zenanlaryň we çagalaryň arasynda mikroelementler boýunça milli barlaglar üçin maglumatlary ýygnamak ugrundaky taslama badalga berildi. Maksatnamany ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi öňe sürdi we ol 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli dowam eder.


Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň arasynda himiýa, gaz senagaty, ulag hem-de suw hojalygy ulgamlarynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Bu barada türkmen DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.


Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Şawkat Mirziýoýew we Kasym-Jomart Tokaýew penşenbe güni soýuzdaş gatnaşyklar hakymda şertnama we Özbegistan-Gazagystan döwlet serhedini kesgitlemek baradaky şertnama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň, iri kompaniýalaryň derejesinde 15 resminama gol çekildi. Olaryň arasynda "Merkezi Aziýa" Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezini döretmek baradaky çarçuwaly hökümetara ylalaşyk bar.


Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin 2023-nji ýylyň başynda Merkezi Aziýa sapar bilen gitmegi mümkin diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlarynyň üçünji departamentiniň müdiri Aleksandr Sternik aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.


“La Gazzetta dello Sport”-yň berýän habaryna görä, fransuz hüjümçisi Kilian Mbappeniň “Reala” geçmegi Ispaniýanyň futbol klubuna jemi 1 milliard ýewro düşüp biler.


Togtogul suw howdanyndaky işleriň togtadylmagynyň öňüni almak – suwuň iň aşaky derejä çenli peselmegine ýol bermezlik üçin Özbegistan türkmen tarapyndan üpjün edilýän gazyň kömegi bilen öndürilen elektrik energiýasyny Gyrgyzystana iberdi, – diýip, iki respublikanyň energetika ministrliginiň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.