Habarlar

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş we ýaşuly nesilleriň wekillerini sergä çagyrdyMary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş we ýaşuly nesilleriň wekillerini sergä çagyrdy

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş we ýaşuly nesilleriň wekillerini sergä çagyrdy

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat komitetiniň muzeý işgärleri bilen bilelikde gurnan sergisi geçirildi. Sergi Türkmenistanda şu ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" atly şygaryna bagyşlanýar we taryhy gymmatlyk bolan arheologik tapyndylary, arhiw resminamalaryny we suratlaryny, şeýle hem ýurduň häzirkizaman üstünliklerini, şol sanda maryly türgenleriň sport äleminde ýeten sepgitlerini öz üçine alýar.