HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikanyň ilçihanasy türkmen mugallymlaryny hünärini ýokarlandyrmak üçin ABŞ-a çagyrýar

Fewral 15, 2023 | 15:26 |6860
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Fulbraýt 2024 bilim grantlarynyň çäklerinde hünäri ýokarlandyrmak Maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar – diýip, Amerikanyň diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Fulbraýt 2024 bilim grantlarynyň çäklerinde hünäri ýokarlandyrmak Maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar – diýip, Amerikanyň diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Fulbraýt 2024 bilim grantlarynyň çäklerinde hünäri ýokarlandyrmak Maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar – diýip, Amerikanyň diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýa-da sentýabrynda ABŞ-a giderler. Olar öz okadýan dersi boýunça bilimini çuňlaşdyrmaga, okatmagyň täze usullary bilen tanyşmaga, okuw gollanmalary we tekstler bilen işlemäge mümkinçilik alarlar, şeýle hem Kolumbiýa okrugyndaky Waşingtonyň amerikan mekdepleriniň birinde 40 sagatlyk tejribelik geçmäge mümkinçilik alarlar.

Alty hepdelik maksatnamanyň stipendiýasy wiza tölegini, ABŞ-a uçuşlaryň çykdajysyny, akademiki maksatnamanyň çykdajysyny, ýaşamak we iýmit çykdajylaryny, saglyk ätiýaçlandyrmasyny, ulagy, göz öňüne tutulmadyk çykdajylary, kitaplary, gollanmalary we seminarlary doly öz içine alýar. Şeýle hem ABŞ-da bolmagyň tutuş dowamynda dürli medeni çäreler meýilleşdirilendir.

Bäsleşige bäş ýyl iş tejribesi bolan mekdepleriň we bilim merkezleriniň mugallymlary, 12 ýaşdan 18 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryny okadýan mugallymlar, öz garamagynda goşmaça synplar bolan we iş wagtynyň 50% orta we ýokary synplary okatmaga berýän mugallymlar; maksatnama gutarandan soňra ýene-de bäş ýyl mugallym bolup işlemegi meýilleşdirýän mugallymlar gatnaşyp bilýärler.

Ýüz tutmany diňe Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary bilimli we TOEFL-dan iň azyndan 450 ball (test göz öňünde tutulýan) alanlar tabşyryp bilýärler. Mekdep administrasiýasynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we hususy repetitorlaryň Maksatnama gatnaşmaga hukugy ýokdur.

Ýüz tutmalary 2023-nji ýylyň 2-nji apreline, sagat 23:59 çenli şu salgylanma boýunça tabşyryp bolýar. Has jikme-jik maglumat bilen şu ýerde tanşyp bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026