HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar sebitiniň ýurtlary ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar

Mart 01, 2023 | 15:47 |6930
26-27-nji aprelde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023» atly Halkara forum geçiriler – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.26-27-nji aprelde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023» atly Halkara forum geçiriler – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

26-27-nji aprelde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023» atly Halkara forum geçiriler – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

Forum döwlete degişli edaralaryň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekillerini, şeýle hem Hazar sebiti döwletlerinden, Hindistandan we beýleki ýurtlardan bu ugurdan hünärmenleri bir meýdança ýygnar.

Olar Wolga-Hazar ulag-logistika ekoulgamynyň we Uly Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, ulag akymlarynyň bütin dünýäde üýtgemegi we Hazar sebitiniň Ýewraziýanyň magistral ugurlarynyň esasy düwünine: Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar, Demirgazyk-Gündogar, Günorta-Günbatar öwrülmegi şertlerinde netijeli işewürlik-strategýalaryna serederler.

Hususan-da, halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi we ulag-logistika işewürliginiň ösmegi üçin integrasiýa, sebitde agrar önümleriň eksporty, ulag-logistika infrastrukturasynyň ösmegi üçin taslamalara maýa goýmak we başga-da köp zatlar forumyň işewür maksatnamasynyň esasy meseleleri bolarlar.

Mejlisiň netijeleri boýunça resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar, ol degişli kararlary kabul etmek üçin döwleti dolandyryşyň ugurdaş edaralaryna berler.

Çäräni gurnaýjylar bolup «Afanasiý Nikitin» birleşmesi we «Wiwa konsalt» kompaniýasy çykyş edýärler.

Resmi saýtda forum bilen jikme-jik tanşyp we çäre üçin hasaba alnyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026