Habarlar

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdiTürkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezinde (HHM) Russia Today halkara teleýaýlymynyň işgärleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. HHM-niň ýolbaşçylaryndan başga-da, türkmen tarapyndan gepleşiklere DIM-niň wekilleri gatnaşdylar, beýleki tarapdan bolsa Russia Today-iň halkara hyzmatdaşlygy gullugynyň uly prodýuseri Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň bölüminiň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideoagentliginiň baş-prodýuseri Mariýa Antonenko we Ruptly-nyň sebitleýin teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça prodýuseri Wartan Haçaturýan gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi “Habar” agentliginiň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdyTürkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi “Habar” agentliginiň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi “Habar” agentliginiň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepowyň “Habar” mediaholdinginiň müdiriýetiniň başlygy Berik Uali bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy öz Facebook resmi sahypasynda habar berdi.