

Türkmen ştangaçysy ýetginjekler dünýä çempionaty 2023-iň kümüş medalynyň eýesi boldy
Türkmen ştangaçysy Perhat Bahtiýarow Durresde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjekler dünýä çempionaty-2023-iň ikinji gününde kümüş medal gazandy.


Türkmen ştangaçysy Perhat Bahtiýarow Durresde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjekler dünýä çempionaty-2023-iň ikinji gününde kümüş medal gazandy.


China Southern Airlines awiakompaniýasy 26-njy aprelden Urumçi-Aşgabat-Urumçi ugry boýunça yzygiderli uçuşlary dikeldýär. Awiakompaniýanyň ofisinde «Orient»-e berlen habara görä, Hytaýyň şäheri bilen Türkmen paýtagtynyň arasyndaky uçuşlar häzirlikçe hepdede bir gezek amala aşyrylar. Geljekde bu ugurda uçuşlaryň sany artyp biler, - diýip Hytaýyň howa gatnawlary ofisinde aýtdylar.


Türkmen agyr atletikaçysy Ogulşat Amanowa Durresde (Albaniýa) geçýän 2023-nji ýylyň ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medalygazandy.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Hazar deňzi instituty üçin täze sanly ulgamy işläp düzmek boýunça tender-bäsleşigi «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.


Bäş medal – bir altyn we dört sany bürünç medaly - türkmen türgenleri 24-27-nji martda Moskwda geçýän «Sambony esaslandyryjylaryň Kubogynda»gazandylar.


29-njy martdan 31-nji marta çenli Koreýa Respublikasynyň birbada iki şäheri – Seul we Yýdjonbu – Türkmenistanyň Medeniýet günlerini kabul ederler.


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň agzalarynyň we geňeşiň 26-njy martdaky saýlawlaryny tutuş ýurt boýunça 2644 saýlaw uçastogynda geçdi diýip ykrar etdi.


Şenbe güni, 25-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $8,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkiýe Türkmenistandaky parlament saýlawlarynyň netijelerini makullaýar – diýip, ýurduň DIM-niň resmi saýtyndaky metbugat maglumatynda habar berilýär.


GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistandaky parlament saýlawlarynyň monitoringi boýunça beýannamanyň taslamasyny taýýarlady, ol degişli edaralar tarapyndan saýlaw kampaniýasynyň netijeleri resmi taýdan tassyklanandan soňra çap ediler, häzirlikçe bolsa missiýanyň baştutany – GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýurtda 8-nji martdan başlap işlän we ähli welaýatlarda bolup gören synçylaryň esasy netijeleri barada žurnalistlere gürrüň berdi.


Arzuwlaryň hemmesi dessine amala aşmaýar, kä halatda oňa wagt gerek. Ýaňy-ýakynda, mart aýynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar bölüminiň birikme serkerdesi Oleg Kononenko Korolewo şäherinden mekdep okuwçysy Artýom Saýkowskiniň arzuwyny amala aşyrdy. Muňa meşhur "Arzuwlar arçasy" haýyr-sahawat çäresi sebäp boldy.


Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şäheri howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak we şäher ilatly ýerleriniň häzirki zaman yklym meseleleriniň fonunda ykdysady, sosial we daşky gurşaw taýdan gowşaklygyny azaltmak mowzugy bilen Neapolitanyň Federiko II uniwersitetiniň raýat, gurluşyk we daşky gurşaw inženerligi kafedrasynda iki hepdelik tejribe gatnaşýarlar.


Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary dynç güni, ýurdumyzyň çäginde bolşy ýaly, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirildi.


Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy. Ir sagat 7-de açylan 2644 saýlaw uçastogy agşam 7-de ýapyldy.


Türkmenistanda Milli Parlament saýlawlarynda ses bermeklik tamamlandy. Kampaniýanyň dowamlylygyna ýurdumyzyň welaýatylarynda we paýtagtda 80-den gowrak halkara synçysy yzarlady.