HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda parlament saýlawlarynyň öňünden «ümsümlik güni» başlandy

Mart 25, 2023 | 12:06 |9288
Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.

25-nji martdan başlap ol ýa-da beýleki syýasy güýji goldamak üçin wagyz işlerini alyp barmak gadagan edilýär. Ýöne wagyz häsiýetli çap edilen materiallar, şol sanda saýlaw komissiýalarynyň daşynda ozal ýerleşdirlen listowkalar, plakatlar ses berme güni ozalky ýerlerinde saklanyp galýar.

Wagyz geçirilýän döwründe ähli dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler berlipdi. Şeýle hem olaryň döwlet tele- we radioýaýlymlarynda tölegsiz efir wagtyna hukugy bolupdy. Tölegsiz efir wagtynyň umumy gündelik möçberi bir sagatdan az bolmaly däldir.

Türkmenistanyň Mejlisine saýlawlarda ýurduň raýatlary 125 deputaty saýlamaly. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ýurtda Demokratik partiýasyna, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna we Türkmenistanyň Agrar partiýasyna wekilçilik edýän, şeýle hem öz dalaşgärlerini hödürläp biljek raýat toparlaryndan 258 dalaşgär hasaba alyndy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026