Baýden: Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdeniň Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ugradan gutlag hatynda: “Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir we biz Siziň ýurduňyzyň baý medeni mirasyna uly hormat goýýarys” – diýilýär.
– “Birek-birege hoşallygyň beýan edilýän şu günlerinde 30 ýyldan gowrak döwürde dürli ugurlarda, medeni ulgamda hem-de howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz üçin hoşallygymyzy beýan edýaris.
Täze başlangyçlaryň baýramynda bilelikdäki işi dowam etmäge umyt edýäris” – diýip, ABŞ-nyň Prezidenti Baýden öz gutlag hatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we töweregindäki ýurtlaryň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny tassyklaýar. “Nowruz baýramyňyz mübärek bolsun!”
ORIENT news








