Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutladyTürkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldularTürkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldular

Türkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldular

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi.

Türkmenistanda ýuridiki şahslary hasaba almagy tizleşdirmek üçin goşundy işlenip düzülerTürkmenistanda ýuridiki şahslary hasaba almagy tizleşdirmek üçin goşundy işlenip düzüler

Türkmenistanda ýuridiki şahslary hasaba almagy tizleşdirmek üçin goşundy işlenip düzüler

Türkmenistanda statistiki biznes-registr üçin goşundy peýda bolar, ol telekeçilik işjeňligi bilen meşgullanýan ýuridiki we fiziki şahslary hasaba almaklygy tizleşdirer. Programma üpjünçiliginiň döredilmegi biznes-registrler boýunça halkara bilermeni Sergeý Kuziniň ýurda eden saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky metbugat beýanatynda habar berilýär.