

Türkmen dzýudoçylary Katarda geçjek dünýä çempionatynda çykyş ederler
Türkmen türgenleri 7-nji maýdan 14-nji maýa çenli Dohada (Katarda) geçjek dzýudo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar.


Türkmen türgenleri 7-nji maýdan 14-nji maýa çenli Dohada (Katarda) geçjek dzýudo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar.


Türkmen türgenleri Hançžouda (Hytaý) geçen kuraş boýunça Aziýanyň çempionatynda sekiz medal – bir kümüş we ýedi bürünç medal gazandylar. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler.


Dürli derejelerdäki 22 medaly Türkmenistanyň türgenleri Ýerewanda geçen «Araratyň Kubogy-2023» atly däp bolup gelýän karate boýunça halkara ýaryşynda gazandylar.


Üç türkmen boksçysy Daşkentde geçýän dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar, şeýlelik bilen olar ýaryşyň indiki tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.


Merkezi Aziýa futbol birleşmesiniň prezidenti Rustam Emomali Duşenbede CAFA-nyň 8-nji kongresinde eden çykyşynda 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmäge bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrmaga taýýardygyny bildirdi – diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň resmi saýty öz işine başlady – diýip, Syýahatçylyk baradaky milli agentlige salgylanyp, BelTA habar berýär.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ispan «Wilýarreal» klubynyň akademiýasynda iş tejribeligini geçdi. Dört günlük iş saparynyň jemleri we öňde duran meýilnamalar bilen 34 ýaşly hünärmen ORIENT-iň habarçysy bilen paýlaşdy.


Russiýanyň Küşt federasiýasy Ýewropanyň küşt birleşmesinden Aziýanyň küşt federasiýasyna geçmegi tamamlady. Russiýanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Andreý Filatow bu wakany «täze taryhy sahypa» diýip atlandyrdy we Aziýa küşt federasiýasynyň prezidenti Sultan bin Halifa Al Nahaýýana minnetdarlyk bildirdi.


«Al-Watba» arap welosipedçiler toparynyň wekiliýeti (BAE) Türkmenistana geldi – diýip, Al-Ittihad habar berýär. Sapar Türkmenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň çakylygy boýunça BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde amala aşyryldy.


Küşt boýunça dünýä çempiony kesgitlenen güni, sportyň bu görnüşinde Türkmenistanyň ýetginjekler topary hem üstünlikli netije gazandy.


Türkmen türgenleri 1-nji maýdan 14-nji maý aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçiriljek boks boýunça dünýä çempionatynda çykyş ederler. Ýurdumyza 14 adamdan ybarat wekiliýet, şol sanda 10 türgen wekilçilik eder.


28-29-njy aprelde El Kuweýtde geçirilen Aziýanyň açyk Kubogynda türkmenistanly dzýudoçy Mämmedaly Açyldyýew 90 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.


Hançžou kuraş boýunça Aziýanyň çempionatyny 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlarynyň halkara synag çäresi hökmünde kabul etdi.


Türkmenistanyň wekili Maýsa Pardaýewa 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçýän Aziýanyň açyk Kubogynda 57 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.


Türkmen dzýudoçylary 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýtde) geçirljek dzýudo boýunça Aziýanyň açyk Kubogynda çykyş ederler. Bu barada Dzýudo boýunça halkara federasiýanyň resmi saýty habar berýär.