

Türkmenistanly tennisçiler taryhy ýeňiş gazandylar
Türkemenistanyň ýaş tennisçileri taryhda ilkinji gezek 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda kümüş medal gazandylar.


Türkemenistanyň ýaş tennisçileri taryhda ilkinji gezek 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda kümüş medal gazandylar.


2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy Gresiýanyň Olimpiýasynda indiki ýylyň 16-njy aprelinde — ýaryşlaryň Fransiýanyň paýtagtynda açylmagyna 101 gün galanda ýakylar. Bu barada olimpiýa habarlarynyň saýty Insidethegames habar berýär.


Anna güni, 8-nji iýunda, Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan «çalt» küşt boýunça dünýä çempionatynda 16 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda Lebap welaýatyndan mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasynda FIDE ussat kandidaty ady bilen Leýla mümkin bolan 11 nutukdan 8 nutuk toplap, ýeňiji Aleksandr Şwedowadan (Russiýa) bary-ýogy bir nutuk, kümüş medal gazanan Kseniýa Normandan (Belarus) ýarym nutuk yzda galdy.


Türkmen türgenleri sekizinji iýunda Gawanada (Kubada) başlanjak Agyr atletikanyň halkara federasiýasynyň (IWF) Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar.


Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda Merkezi Aziýa tennis çempionatynyň (U-12) üçünji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy, 5-nji iýunda Aşgabatda başlanan 12 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynyň dördünji tapgyrynda Özbegistanyň toparyny ýeňdi.


Ýaş türkmen çempiony Batumide (Gruziýa) geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ilkinji oýunlary oýnady. Türkmenistanyň iň oňat 12 küştçisi (6 gyz we 6 oglan) 8 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaş kategoriýalaryna gatnaşýar. Bäsleşik, «çalt» wagt gözegçiligi düzgüni bilen geçirilýär, ýagny onda her oýunça her hereket üçin 10 sekunt goşmak bilen 15 minut berilýär.


Türkmenistanyň ýygyndysy 12 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 5-nji iýunda başlanan Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň ikinji tapgyrynda Owganystanyň toparyny ýeňdi.


Belarusda synag görnüşinde GDA ýurtlarynyň II Oýunlary açyldy – diýip, Belteleradiokompaniýasy habar berýär. Şeýle hem operatiw-utgaşdyryjy merkez işläp başlady.


Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň dabaraly açylyşy boldy.


Aşgabatda 5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli ýakyn wagtda geçiriljek Merkezi Aziýa (U-12) tennis çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýnajak Ilkinji topary kesgitlenildi.


Halkara ussat Saparmyrat Atabaýew Duşenbede tamamlanan zonal çempionatda üçünji orny eýeledi. Zona 3.4 Aziýa küşt federasiýasyny düzýän we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny we Owganystany öz içine alýan sekiz zonanyň biridir.


Türkmenistan milli tennis toparynyň tälimçiler topary, 5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli Aşgabatda geçiriljek 12 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty üçin milli toparyň jemleýji düzümini yglan etdi.


Gazagystanyň paýtagty 2023-nji ýylyň sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyny kabul eder. Ýaryşlar 7-nji iýundan 11-nji iýun aralygynda «Bilaýn Arenada» ulularyň, ýetginjek oglanlaryň we ýetginjek gyzlaryň, oglanlaryň we gyzlaryň arasynda, şeýle hem ussatlaryň arasynda geçer.


3-nji iýunda Aşgabatda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirmek üçin Çandybil köçesini bölekleýin, Bitaraplyk şaýolyny bolsa – doly ýaparlar.