HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: Belorusyň sport we syýahatçylyk ministri daşary ýurt habarçylaryna GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna taýýarlygyň gidişi barada gürrüň berdi

Iýul 01, 2023 | 09:13 |7033
Daşary ýurt habarçylary bilen Minskidäki «Динамо» stadionyna baryp görmegiň dowamynda Belorusyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna taýýarlyk barada gürrüň berdi- diýip, BelTA habar berýär.Daşary ýurt habarçylary bilen Minskidäki «Динамо» stadionyna baryp görmegiň dowamynda Belorusyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna taýýarlyk barada gürrüň berdi- diýip, BelTA habar berýär.
Çeşme: belarushockey.com

Daşary ýurt habarçylary bilen Minskidäki «Динамо» stadionyna baryp görmegiň dowamynda Belorusyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna taýýarlyk barada gürrüň berdi- diýip, BelTA habar berýär.

Respublikanyň sport edarasynyň baştutanynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda tamamlaýjy taýýarlyklar alnyp barylýar, hususanda, desgalar tertibe getirilýär, söwda nyşanlary boýunça işler alnyp barylýar. 4-nji iýuldan başlap, Oýunlaryň başlanmagyna göni bir aý wagt galanda, guramaçylar taýýarlygyň işjeň tapgyryna girerler.

Agza-ýurtlardan wekiliýetler sport desgalaryny synag edip görmek üçin eýýäm Belorusa gelip başladylar. Sergeý Kowalçugyň aýtmagyna görä, GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna gatnaşmak üçin 18 ýurtdan 2 müňden gowrak türgen resmi akkreditasiýany geçdi.

«Agza-ýurtlar has köp bolar diýip pikir edýärin. Ýaryşlaryň geçiriliş görnüşi açykdyr» — diýip, ol beýan etdi.

Hakykatdanda, eger birinji Oýunlar diňe bir Kazan şäherinde geçen bolsa, GDA ýurtlarynyň II Oýunlary 11 sany belorus şäherlerinde — Minskide, Brestde, Grodnoda, Witebskide, Orşda, Mogilewde, Gomelde, Žlobinde, Soligorskide, Borisowada we Molodeçnoda geçer.

GDA ýurtlarynyň II Oýunlary Belorusda 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyndan 14-nji awgusty aralygynda geçer.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026