

Türkmenistanyň woleýbolçylary çempiony ýeňip, CAVA çempionatynda çykyşy tamamladylar
Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa woleýbol birleşmesiniň milletler Kubogynda (CAVA) erkekleriň toparlarynyň arasynda çykyşy tamamladylar.


Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa woleýbol birleşmesiniň milletler Kubogynda (CAVA) erkekleriň toparlarynyň arasynda çykyşy tamamladylar.


Türkmen türgenleri sambo boýunça halkara “Gran-pri” ýaryşynda 4 sany bürünç medal gazandylar. Bu ýaryşa türkmen türgenlerinden başga-da, Russiýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan we Özbegistandan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.


Türkmenistanyň basketbol ýygyndysy Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçirilen Milletler Ligasy oýnunyň 5-nji we deslapkydan öňdäki tapgyrynda ýeňiji boldy. Oýunlar 3x3 görnüşli Halkara basketbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýär.


Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport boýunça Döwlet komitetiniň Aşgabatdaky sportyň gyşky oýun görnüşleri sport toplumynyň öz resmi **[saýty](https://buzlykoshk.com.tm/)** peýda boldy.


2024-nji ýylda Futzal boýunça dünýä çempionaty Özbegistanda geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Futbol assosiasiýasyna salgylanýan Uz Daily habar berýär.


Singapurda geçýän kibersportyň Olimpiýa hepdeliginiň açylyş dabarasynda (Olympic Esports Week), Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah gologramma görnüşinde peýda boldy. Bu barada Halkara olimpiýa komitetiniň saýtynda habar berilýär.


Abu-Dabiniň Welosiped klubynyň ýerine ýetiriji direktory Al Nahir Al Haýliniň ýolaşçylygyndaky arap wekiliýeti sapar bilen Aşgabada geldi. Onuň barşynda wekiliýet topary paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp görüp, türkmen kärdeşleri bilen bu sport görnüşini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistandan ýaş tennisçi gyz Sülgün Işangulyýewa Horwatiýada geçýän Smrikva Bowl halkara ýaryşynyň ilçisi boldy. Ol bu ýaryşlara gatnaşýan Türkmenistandan ilkinji wekil boldy.


Paýtagtymyzdaky “Täze Zaman” toplumynda Türkmenistanyň hapkido boýunça çempionaty tamamlandy. Oňa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 150-den gowrak türgen gatnaşdy.


Türkmen türgenleri Wengriýada tamamlanan kikboksing boýunça dünýä Kubogynda on medal — üç altyn medal, bir kümüş medal we alty bürünç medal gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurduň sportyň bu görnüşi boýunça Federasiýasynda habar berdiler.


Dünýäde smartfonlary öndürijileriň irileriniň biri bolan Vivo hytaý kompaniýasy Hançžouda geçiriljek 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlary üçin ykjam telefonlaryň resmi üpjün edijisi diýlip yglan edildi. Oýunlar 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda geçer.


Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndy topary CAFA -2023 – Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň soňky tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykmagy başardy.


Ýaý atmak sporty boýunça jemi 10 türgenden ybarat türkmen ýygyndysy Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen halkara ýaryşynda çykyş etdiler. “Gran-pri Astana” ady bilen geçirilen ýaryşda türgenlerimiz jemi 3 medal: 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala eýe boldular.


Belarus ministri Türkmenistanyň hokkeý sportuna ýokary baha berdi


Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň CAFA Nations Cup-2023 – Milletler kubogynyň üçünji tapgyrynda Omanyň toparyndan ýeňildi.