

Sportuñ intellektual görnüşleriniñ Aziýa birleşigi döredildi
Aziýada sportuñ intellektual görnüşlerini we kibersporty ösdürmek maksady bilen, sportuñ intellektual görnüşleriniñ Aziýa birleşigi (AMSA) döredildi.


Aziýada sportuñ intellektual görnüşlerini we kibersporty ösdürmek maksady bilen, sportuñ intellektual görnüşleriniñ Aziýa birleşigi (AMSA) döredildi.


Türkmenistanda futbol çempionaty 4-nji martda başlanýar. Ol sekiz klubyň gatnaşmagynda dört tapgyrda geçer. Olar: “Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”.


Türkmenistanda “Aýyň türgeni” atly bäsleşik yglan edildi. Onuň çäklerinde raýatlar SMS-ses berilişik arkaly aýyň iň gowy türgenini kesgitlärler. Başlangyç Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy, “Mahabat” müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan durmuşa geçiriler.


Fewral aýynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki buýrugy hasaba alyndy. Bu resminama, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatlaryň şahadatnamalaşdyrylmagynyň täze tertibini tassyklaýar


2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» şygary bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler


Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi XX Aziýa oýunlaryna giriziljek 11 sany kibersport görnüşleri barada yglan etdi. Oýunlar 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Aiti-Nagoýide (Ýaponiýa) şäherinde geçiriler.


VI Yslam raýdaşlyk oýunlary 2025-nji ýylyň 7-21-nji noýabry aralygynda Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu oýunlar gatnaşyjy-ýurtlar üçin möhüm çäre bolup durýar. Sebäbi musulman döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de sportuň ýaýbaňlanmagyna ýardam berýär.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Mekdep ligasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu hem 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda onlaýn-görnüşinde geçirilen iş maslahatyň netijesi boldy.


10 günlik dartgynly küşt bäsleklerinden soň, Türkmenistanyň Ýokary liga küşt çempionaty tamamlandy. 9-18 fewral aralygynda Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebinde iki kategoriýada – açyk we zenanlar kategoriýasynda guralan bäsleşikler uly gyzyklanma döretdi


2025-nji ýylda Demirgazyk-Gündogar Hytaýyñ Heýlunszýan welaýatynyñ Harbin administratiw merkezinde geçirilen gyşky Aziýa oýunlary 14-nji fewralda taryhy netijeler bilen tamamlandy. Sebit üçin bu möhüm waka boldy, sebäbi oña Aziýanyñ 34 ýurdundan we sebitinden 1200-den gowrak türgenleri gatnaşdy. Bu hem gatnaşyjylaryñ sany boýunça rekord görkeziji boldy.


Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu waka halkara giňişliginde kiber sportuň ösdürilmeginde möhüm ädim bolar.


Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 24 ýaşly direg ýaym goragçysy Teýmur Çaryýew “Torpedo”-BelAZ žodin futbol kluby bilen şertnama baglaşdy.


Türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew 3-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “AL-BERUNIY” (Futures) 2-nji halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy


2-nji fewraldan 9-njy fewral aralygynda Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi Watanymyzyň küşt boýunça umytlaryny görkezýän küşt boýunça ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynygeçirdi. Bu dartgynly ýaryşda türgenler ussatlyklaryny we strategiki pikirlenişini görkezip, nuwgawy küşt, rapid we blits görnüşinde bäsleşdiler


Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary Makao toparyny 26:0 hasabynda ýeňip, Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny uly ýeňiş bilen başladylar. Üçünji döwür has täsirli boldy. Onda türkmen türgenleri 15 şaýbany salmagy başardylar – bu hem ýaryşyň häzirki wagtyndaky iň gowy netijesidir.