HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “Aýyň türgenini” saýlarlar

Fewral 26, 2025 | 12:50 |4802
Türkmenistanda “Aýyň türgeni” atly bäsleşik yglan edildi. Onuň çäklerinde raýatlar SMS-ses berilişik arkaly aýyň iň gowy türgenini kesgitlärler. Başlangyç Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy, “Mahabat” müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan durmuşa geçiriler.Türkmenistanda “Aýyň türgeni” atly bäsleşik yglan edildi. Onuň çäklerinde raýatlar SMS-ses berilişik arkaly aýyň iň gowy türgenini kesgitlärler. Başlangyç Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy, “Mahabat” müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan durmuşa geçiriler.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda “Aýyň türgeni” atly bäsleşik yglan edildi. Onuň çäklerinde raýatlar SMS-ses berilişik arkaly aýyň iň gowy türgenini kesgitlärler. Başlangyç Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy, “Mahabat” müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan durmuşa geçiriler.

Şu aý “Aýyň türgeni” diýen ada halkara ýaryşlarynda iň gowy netijeleri görkezen institutyň ýedi türgeni dalaş edýär. Her bir türgeniň öz belgisi bar.

Şahzadbek Matýakubow – 7

Sabina Kadyrowa – 8

Nurmuhammet Baýdogdyýew – 9

Guwanç Hemraýew – 10

Maýsa Pardaýewa – 11

Amanmuhammet Hommadow – 12

Gülnabat Ýazylowa – 13

Aýyň dowamynda tele tomaşaçylara her bir türgen barada wideo ýazgylar, olaryň gündelik türgenleşiklerinden düşürilen pursatlar, dalaşgärleriň halkara ýaryşlaryndaky çykyşlary, şeýle hem olaryň gazanan iň gowy netijeleri görkeziler.

Iň köp SMS-sesleri alan türgen degişli derejä mynasyp bolar. Ses berilişigiň netijeleri turkmentv.gov.tm saýtynda elýeterli bolar.

Bäsleşigiň ýeňijisine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlar gowşurylar. “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda ýeňijiniň gatnaşmagynda ýörite gepleşik guralar. Mundan başga-da, ol barada ýörite telefilm hem düşüriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026