

Si Szinpin: hytaý-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä tarap öňe ilerletmeli
HHR-niň başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli gutlagyna jogap hatyny iberdi.


HHR-niň başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli gutlagyna jogap hatyny iberdi.


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti BMG-niň möhüm düzümleriniň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda işleýän ýokary bilim ulgamyndaky durnukly ösüş boýunça global Başlangyjyna goşuldy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.


Türkiýäniň uçar gatnawlaryny amala aşyrýan Turkish Airlines — Türk howa ýollary 2-nji noýabrdan Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryny dowam etdirer – diýip, Atavatan Turkmenistan portaly bu awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasyna salgylanmak bilen habar berýär.


Köpugurly Çapar programmasy gündelik hysyrdyly meseleleri çözmegi has-da aňsatlaşdyryp biljek birnäçe täze funksiýalar hem gowulandyrmalar bilen üsti ýetirildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky «Taşkent» seýilbagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.


Gazagystan Respublikasynda nobatdan daşary prezident saýlawlary bir aýdan az wagtdan - 20-nji noýabrda geçiriler. Gazagystanyň daşary ýurtlardaky edaralarynyň ýanyndaky daşary döwletleriň 53-de saýlaw uçastoklarynyň 68-si döredildi diýip, GR-niň DIM-i habar berdi.


Pandemiýadan öňki we soňky döwür hut iki sany paralel äleme öwrülen ýaly boldy – kowidden ozalky ýagdaý hemmeleriň ýadynda, indi bolsa durmuşyň täze bir ýagdaýyna - “post-kowide” öwrenişmäge synanyşýar. Zeper ýeten dünýä ykdysadyýeti we adamzat durmuşynda bolup geçen üýtgeşmeler kem-kemden ozalky ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Bu ulag pudagyna hem degişlidir, hususan-da raýat awiasiýasy kem-kemden “ganatlaryny ýaýyp” we asmana göterilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow karary bilen Myrat Mämmedowy saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.


Indi Türkmenistanda Sport we ýaşlar syýasaty baradaky meseleler bilen aýratyn edaralar meşgullanarlar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň permany esasynda ýatyrylan Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi.


Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň hem-de Esenguly etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çärelerini geçirýändigini Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi habar berýär.


“TOPH – parahatçylygyň nyşany” – atly şygar bilen şu günler Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň ugry boýunça welosiped ýörişi geçirilýär. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň diplomatik edarasynda habar berildi.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, Russiýadan Türkmenistana 30-njy noýabrdan soň uçýanuçuşlar üçin uçar biletleri täze nyrhlarda satylyp başlandy.


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi resmi saýtynda 2023-nji ýyl üçin önümçilik senenamasyny çykardy.


Ýer titremesi özüniň giň ýaýraýyş gerimi we möçberi bilen gorky döredýän iň «ähtiýalan» hem aýylganç tebigy betbagtçylykdyr. Sunamiler, suw joşmalary, ýer süýşmeleri, taýfunlar belli bir derejede çak edilip bilinýän bolsa, ýer titremeleriniň weýran ediji we ölüm howply netijeleriniň öňüni almak diňe ýer gabynyň duýdansyz sarsgynlary wagtynda özüni alyp barmagyň düzgünlerine eýermeklige bagly bolup durýar.


Türkmenistanyň Milli Geneşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki binalaryň gurluşygy we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada "Türkmenistan şu gün" saýty habar berdi.