HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistan» awikompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçar biletleriniň täze nyrhlaryny girizdi

Oktýabr 20, 2022 | 00:20 |11484
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, Russiýadan Türkmenistana 30-njy noýabrdan soň uçýanuçuşlar üçin uçar biletleri täze nyrhlarda satylyp başlandy.«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, Russiýadan Türkmenistana 30-njy noýabrdan soň uçýanuçuşlar üçin uçar biletleri täze nyrhlarda satylyp başlandy.
Çeşme:

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, Russiýadan Türkmenistana 30-njy noýabrdan soň uçýanuçuşlar üçin uçar biletleri täze nyrhlarda satylyp başlandy.

Indi Russiýada Türkmenistanyň raýatlary üçin satylýan gyş meýilnamasyndaky uçuşlar üçin biletleriň bahasy beýleki ýurtlaryň raýatlary, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň ýaşaýjylary üçin şol bir uçuşlaryň biletleriniň bahasyndan tapawutlanýar.

Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary üçin awiakompaniýanyň baş agentliginiň saýtynda satuwa çykarylýan Kazan-Türkmenabat uçuşlarynyň biletleri beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylary üçin bellenen nyrhlara garanyňda 10 müň rubl arzandyr.

Eger biletler nyrh düzgünleriniň bozulyp, sargyt edilen halatynda, awiakompaniýa jerime salmak bilen, satyn alnan bileti ýatyrýar - ýagny serişdeleriň belli bir bölegi alyjylara gaýtarylyp berilmez.

Sargyt edilende Türkmenistanyň raýatlary «А30/ТМ»nyrhnamasyny saýlap almalydyrlar, beýleki döwletleriň raýatlary, şol sanda Russiýanyň raýatlary - «H30D/wekillk» nyrhnamasyndan peýdalanmalydyrlar.

Bahalar barada we täze nyrhnamalar boýunça biletleri satyn almak hakynda maglumatlary turkmenistanairlines.ru saýtynda görüp bilersiňiz, şeýle hem «Türkmenistan»awiakompaniýasynyň aşakda görkezilen salgylarda görkezilen bilet satylýan ýerlerinden gyzyklanyp bilersiňiz:

– Moskwa ş., Domodedowo howa menzili, «Türkmenistan»awiakompaniýasynyň kassasy,


– Kazan ş., Dekabristow köç., j. 85Б, BS «Релита» otag210 m. Козья Слобода.


– Sankt-Peterburg ş., Aleksandra Newskiý meýd., jaý 2, lit. Е, 3-nji girelge, 1-nji gat.

Maglumat almak üçin telefonlar:

– awiakompaniýasynyň wekilhanasy – (+7 911) 930-00-80,


– Sankt-Peterburgda – (+7 931) 222-12-66,


– Kazanda – (+7 843) 500-55-31.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026