Habarlar

Özbegistanda her ministr, häkim, rektor we beýleki ýolbaşçylar 50 mätäç ýaşlara howandarlyk ederÖzbegistanda her ministr, häkim, rektor we beýleki ýolbaşçylar 50 mätäç ýaşlara howandarlyk eder

Özbegistanda her ministr, häkim, rektor we beýleki ýolbaşçylar 50 mätäç ýaşlara howandarlyk eder

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew her bir ministre, ýokary bilim mekdebiniň rektoryna, Milli gwardiýanyň serkerdesine we ýurduň ýolbaşçy korpusynyň beýleki agzalaryna ünsi we aladany talap edýän 50 sany ýaşlary berkitdi. Özbegistanyň ýolbaşçysy bu barada sişenbe güni ýaşlar bilen işlemek baradaky mejlisinde aýtdy, - diýip resmi özbek metbugaty ýazýar.

Çigildem derýalary, narsiss kenarýakalar: Gollandiýanyň Keukenhof seýilgähindäki gülzarlykÇigildem derýalary, narsiss kenarýakalar: Gollandiýanyň Keukenhof seýilgähindäki gülzarlyk

Çigildem derýalary, narsiss kenarýakalar: Gollandiýanyň Keukenhof seýilgähindäki gülzarlyk

Gollandiýadaky dünýäbelli Keukenhof şa seýilgähinde bahar gülleriniň millionlarçasy gül açdy, müşki-anbar ysly sary we ak narsissler, krokuslar, älemgoşar reňklerini ýada salýan çigildemler, altynsöw, gyrmyzy, gyzyl, mämişi öwüşginli giasintler ýatdan çykmajak gözel görnüşe eýedir. Internetde tükeniksiz gül meýdanlarynyň şekilleri yzygiderli çap edilýär, hoşboý ysly müň dürli öwüşginli bu gülzarlykda syýahatçylar surata düşýärler.

Aşgabatdaky Rus öýünde şekillendiriş sungaty boýunça kosmosa bagyşlanan ussatlyk sapagy geçirildiAşgabatdaky Rus öýünde şekillendiriş sungaty boýunça kosmosa bagyşlanan ussatlyk sapagy geçirildi

Aşgabatdaky Rus öýünde şekillendiriş sungaty boýunça kosmosa bagyşlanan ussatlyk sapagy geçirildi

"Kosmosa uçuş" - şeýle at bilen Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasynda çagalar üçin şekillendiriş sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Suratkeş Batyr Bekmyradowyň Rus öýünde çagalar bilen geçirilen nobatdaky duşuşygy ertir, 12-nji aprelde bellenilýän Kosmonawtika gününe we Adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara gününe bagyşlandy.