HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýädäki iň uly pasha ýumurtgasy Braziliýada oturdyldy

Aprel 12, 2023 | 10:23 |6829
Braziliýanyň Santa-Katarina ştatynyň Pomerodi şäherinde dünýädäki iň uly pasha ýumurtgasyny oturtdylar - diýip, Ginnesiň rekordlar Kitabynyň saýty habar berýär.Braziliýanyň Santa-Katarina ştatynyň Pomerodi şäherinde dünýädäki iň uly pasha ýumurtgasyny oturtdylar - diýip, Ginnesiň rekordlar Kitabynyň saýty habar berýär.
Çeşme: guinnessworldrecords.com

Braziliýanyň Santa-Katarina ştatynyň Pomerodi şäherinde dünýädäki iň uly pasha ýumurtgasyny oturtdylar - diýip, Ginnesiň rekordlar Kitabynyň saýty habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar bu wagtlaýyn ajaýyp ýadygärlik Latyn Amerikasyndaky iri pasha baýramçylyklarynyň biri bolan her ýylky geçirilýän ‘Osterfest” festiwalyna syýahatçylary çekmegi niýet edip, ony pasha baýramyna bagyşlap bezediler.

Ýumurtganyň beýikligi 16,72 metre, diametri bolsa 10,88 metre ýetýär. Ägirt uly ýumurtgany berkitmek üçin göteriji kran ulanylmaly boldy.

Pomerodi şäheri dünýädäki iň uly pasha ýumurtgasy boýunça rekordy 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyllar aralygynda saklapdy, ýöne geçen ýyl Braziliýa birinjiligi Ispaniýanyň «Port Awentura» dynç alyş seýilbagyna gidiripdi. Ýöne häzir braziliýalylar üstünligi ýene-de özlerine gaýtaryp aldylar.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda Pomerodiniň— Brazliýadaky şäheriň nemesleriň iň köp ýaşaýan mekanydygy aýdylýar. Onuň ýaşaýjylarynyň aglabasy — nemes we portugal dillerinde gürleýän nemes emmigrantlarynyň nesilleridir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026