

Türkiýäniň 71 welaýatynda okuw prosessi başlandy
Weýrançylykly ýer titremeleri bilen baglanyşykly gyş kanikullarynyň mejbury uzaldylmagyndan soňra, Türkiýäniň 71 welaýatynda okuw gaýtadan başlandy.


Weýrançylykly ýer titremeleri bilen baglanyşykly gyş kanikullarynyň mejbury uzaldylmagyndan soňra, Türkiýäniň 71 welaýatynda okuw gaýtadan başlandy.


Gamblino.com saýtynda çap edilen barlaglaryň netijelerine görä, Şweýsariýa syýahatçylar üçin Ýewropada iň howpsuz ýurt hasaplanýar.


Özbegistanyň we Hindistanyň harby gullukçylary Hindistanyň Uttarakhand welaýatynyň daglarynda bilelikde “Dostluk” okuw türgenleşigini geçirerler – diýip, Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berýär.


Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminde berilýän daşary ýurt pasportynyň taýýarlygyny uzakdan barlamaga mümkinçilik berýän täze onlaýn hyzmat Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynda ýola goýuldty. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanaly habar berýär.


Türkmenistanly meýletinçileriň 30-sy meýletinçileriň onlaýn-forumyna gatnaşdylar – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.


Ýaponiýanyň Kawadzu şäherinde sakura öňkülerinden ir gülledi. Bu gülleme soňky on ýylyň dowamyndaky iň ir güllemedir. Gyş üljesiniň gülleri ýerli derýanyň kenaryndaky bagda peýda boldy – diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.


BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi maýyplygy bolan ýaşlar üçin adam hukuklary boýunça Mekdebe ýazylyşygy yglan edýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagram-hasabynda habar berilýär.


35 ýaşa çenli bolan we iş tejribesi 3 ýyldan az bolmadyk 70-den gowrak lukman Türkmenistandan 2023-nji ýylda kliniki ordinatura kabul ediler – muňa resmi metbugatda kabul edişlik barada çap edilen bildirişler şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Mary, Lebap, Balkan welaýatlarynyň käbir etraplarynda we bölekleýin – Ahal welaýatynda güýçli ýel bolmagyna garaşylýar, şemalyň tizligi 20 m/s ýetip biler – diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär.


Özbegistan Türkmenistandan muzdsuz iberilen suwuklandyrylan gazy üpjünçiligi pes maşgalalara paýlap başlady. Bu barada «Худудгазътаъминот» kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «Газете.uz» neşiri habar berýär.


Duşenbe güni Antakýada güýji 6.3 ball dereje bolan ýer titremesi hasaba alyndy. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňziniň seýsmologiýa merkezi habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, hadysanyň merkezi 2 km çuňlukda ýerleşýär. Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirliginiň maglumatlaryna görä, sarsgyn 16 km çuňlukda emele gelipdir – diýip, TASS habar berýär.


Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre duşenbe güni Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy we Tendo şäher häkimligi bilen bilelikde geçirildi.


Ýerewandaky türkmen ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň ylym, bilim, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen bolan duşuşygynda medeniýet we sungat ulgamynda Türkmenistan bilen Ermenistanyň hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasynyň taslamasyna gol çekmäge taýýarlyk gozgalan meseleleriň birine öwrüldi.


Türkmenistanyň we GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň okuwçylaryny ýokary synp okuwçylary üçin geçirilýän intellektual eýeçilik boýunça XV Halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýarlar.


Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Şypahanalary ösdürmek agentligi Aşgabatda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşyny geçirer.