HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze dizaýn we funksional: Täzelenen Çapar goşundysynda näme peýda boldy

Aprel 17, 2023 | 15:28 |8275
Nobatdaky täzelenişden soňra «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp funksiýaly Çapar goşundysy has hem amatly boldy, dizaýny bolsa - gözelleşdi we döwrebap boldy.Nobatdaky täzelenişden soňra «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp funksiýaly Çapar goşundysy has hem amatly boldy, dizaýny bolsa - gözelleşdi we döwrebap boldy.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Nobatdaky täzelenişden soňra «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp funksiýaly Çapar goşundysy has hem amatly boldy, dizaýny bolsa - gözelleşdi we döwrebap boldy.

Indi interfeýs gerekli amallary tiz we aňsat ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hemmesi «Saýlananlar» bölümi sebäpli, oňa özüňiziň has köp ulanýan funksiýalaryňyzy goşup bolýar.

Jemagat hojalygynyň hyzmatlaryny tölemek, halaýan serwisleriňize ýazylyşygy uzaltmak we öýjükli telefonyň balansyny doldurmak has hem ýönekeý boldy. Ähli gerekli zatlar - goşundynyň baş ekranynda. Birnäçe gezek basmak ýeterlikdir we serişdeler eýýäm geçirildi!

Täze mümkinçilikleriň arasynda — bank kartynyň üsti bilen ýa-da öýjükli telefonyň balansy arkaly Beletfilme ýazylyşygy tölemek Türkmenistanyň ähli edaralarynyň telefon belgileri bilen maglumathana, şeýle hem çagalar bagyna töleg etmek funksiýalary bar.

Umuman, dizaýndaky üýtgetmeler Çapar goşundysyny ulanyjylar üçin has hem amatly we düşnükli etdi. Goşundynyň täzelenen wersiýasyny Google Play we App Store eýýäm şu gün ýükläp alyp bolýar.

Şunuň bilen baglanyşykly okaň:**

Çapar goşundysynyň kömegi bilen durmuşy ýeňilleşdirmegiň 6 usuly

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026