Habarlar

Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Türkiýäniň prezidentligine dalaşgärleriň saýlawlaryň öňündäki wagyz işleri başlandySaýlawlaryň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Türkiýäniň prezidentligine dalaşgärleriň saýlawlaryň öňündäki wagyz işleri başlandy

Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Türkiýäniň prezidentligine dalaşgärleriň saýlawlaryň öňündäki wagyz işleri başlandy

Türkiýäniň prezidentligine dalaşgärleriň saýlawlarynyň öňüsyrasynda ikinji tapgyryň çäklerindäki wagyz işleri başlandy – diýip, Anadolu maglumatlar agentligi habar berýär. Ses bermekligiň birinji tapgyrynyň netijeleri boýunça dalaşgärleriň hiç biriniň birinji tapgyrdaky ýeňiş üçin sesleriň 50% alyp bilmändigi sebäpli, saýlawlaryň ikini tapgyry bellendi.

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldyAstanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbe güni Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine, şol forumyň egindeş başlygy hökmünde hem çykyş eden, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew ýolbaşçylyk etdi. Gazak tarapyna Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Roman Sklýar wekilçilik etdi.

Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldyAşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory Golda El- Huri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk, duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Minsk we Aşgabat sport we syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýärMinsk we Aşgabat sport we syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýär

Minsk we Aşgabat sport we syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýär

Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginde 2023-nji ýylyň awgust aýynda Belarussiýada geçiriljek GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Belarus tarapynyň başlangyjy bilen bu ýerde Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçugyň Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşygy geçirildi.