HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU Russiýanyň we Belorussiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Maý 16, 2023 | 14:32 |10976
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersiteti we Belorus döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan seminarlara gatnaşdylar - diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersiteti we Belorus döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan seminarlara gatnaşdylar - diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Çeşme: tdu.edu.tm

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersiteti we Belorus döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan seminarlara gatnaşdylar - diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Çäreler rus we belorus ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň çäklerinde guraldy. MDU-nyň dosentleri Alekseý Korenew, Irina Petrosýan, aspirantlar Ýelena Plohih, Kseniýa Çikrizowa, şeýle hem professor Swetlana Titowa lingwistika ugry boýunça 8 webinar geçirdiler.

Olar TDU-nyň mugallymlaryny lingwistika usullarynyň synag ediliş aýratynlyklary, sözlükleriň ulanylyş usullary, şol sanda maglumat giňişliginde, mümkinçiligi çäklendirilen çagalary okatmak bilen tanyşdyrdylar.

Belorus kärdeşler barada aýdylanda, bu ýerde üns ýokary okuw mekdeplerinde biotehnologiýalary öwrenmek meselelerine gönükdirildi. Bilelikdäki maslahatda alymlar Göwher Şyhgulyýewa we Ogulsapar Nazarowa Türkmenistanda ýokary bilimi özgertmegiň tejribesi we BDU bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdiler.

Mundan başga-da, TDU-nyň mugallymlaryny BDU-na tejribelige ibermegiň mümkinçilikleri we belorus halypalary tarapyndan türkmen talyplary üçin leksiýalaryň kursuny geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

BDU-nyň wekilleri, olaryň arasynda Tatýana Ditçenko we Irina Feklistowa Belarusyň esasy ýokary okuw mekdebiniň enjamlaşdyrylmagy, onuň infrastruktura mümkinçilikleri we bölümleri baradaky maglumatlary paýlaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026