HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 15, 2023 | 21:58 |10117
Duşenbe güni Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky
ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine, şol forumyň
egindeş başlygy hökmünde hem çykyş eden, Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew ýolbaşçylyk etdi.
Gazak tarapyna Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Roman
Sklýar wekilçilik etdi.Duşenbe güni Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky
ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine, şol forumyň
egindeş başlygy hökmünde hem çykyş eden, Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew ýolbaşçylyk etdi.
Gazak tarapyna Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Roman
Sklýar wekilçilik etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Duşenbe güni Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine, şol forumyň egindeş başlygy hökmünde hem çykyş eden, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew ýolbaşçylyk etdi. Gazak tarapyna Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Roman Sklýar wekilçilik etdi.

Taraplar özara gyzyklanýan meseleler - söwda we ykdysady ösüş, ulag, maliýe, oba hojalyk we suw dolandyryşy, gurluşyk, medeniýet we syýahatçylyk, bilim we ylym, şeýle hem nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen HAT-yň 11-nji mejlisiniň bir bölegi hökmünde garalýan mowzuklarda pikir alyşdylar.

DytbTFuN8xCERsDHecJwzcgrXM7K4O-1500x800.jpeg

Batyr Atdaýew öz çykyşynda Gazagystanyň Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridigini belledi. Şu ýylyň ilkinji dört aýyndaky ýokary görkezijiler özara söwdanyň çalt depginde ösýändigini görkezýär. Türkmen wise-premýeri iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygyndaky oňyn depgini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Gazagystan bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara peýdaly gatnaşyklary gurmagy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şeýle hem, Roman Sklýar Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda depginli ösüş bilen häsiýetlendirilýändigini nygtady. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin iň ýokary derejedäki duşuşyklar, şeýle hem wekiliýetiň we iş toparlarynyň eýýäm adaty häsiýete eýe bolan özara saparlary bilen berk binýady üpjün edýändigin belledi.

Duşuşygyň netijesinde teswirnama gol çekildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026