

Owganystan Türkmenistanda söwda wekilini belledi
Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda söwda attaşesini belledi.


Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda söwda attaşesini belledi.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin täze döwlet baýragyny - Gagarin ordenini hödürledi. Döwlet baştutanynyň degişli permany şenbe güni çap edildi – diýip, TASS habar berýär.


7-nji iýundan 9-njy iýuna çenli Kazanda bilim ministrleriniň Halkara forumy geçiriler, oňa 20-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan bilim ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu barada TASS Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.


Ženewada (Şweýsariýa) geçýän 76-njy Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň barşynda BSGG-nyň baş direktory Tedros Gebreýesus we FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 4-nji oktýabrda güýje giren özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy uzaltmagy ylalaşdylar. Resminama ýene-de 4 ýyla uzaldyldy.


Ýaş owgan demirýolçylary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünär mekdebinde okuwyň doly kursuny geçdiler. Mekdebiň uçurymlaryna ýurdumyzyň Bilim ministrliginden degişli resminama berildi.


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Serdar Rahymow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ylmy-bilim edaralarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň çäklerinde «GDA-nyň iň gowy talyby» adyna eýe boldy.


Täze Arkadag şäheri açylyşa taýýarlanýar, häzirki wagtda bu ýerde şäher häkimligi we döwlet edaralarynyň bölümleri döredildi we olaryň iş düzgünleri ýola goýulýar.


29-31-nji maýda Aşgabat şäherine Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti geler. Geljekki duşuşyk anna güni Ženewada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Atageldi Haljanow bilen BSG-ä goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maika Oşikawa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, News Central Asia habar berýär.


Şu günler Rumyniýanyň Konstanta şäherinde geçirilen we rumyn halkyna baý türkmen medeniýetini, onuň özboluşly dünýäsini açyp görkezen Türkmenistanyň Medeniýet günleri 25-nji maýda tamamlandy.


Halkara Söwda Merkezi, Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan kiçi telekeçilerine we senetçilerine NOVICA elektron söwda bazarynda önümlerini satmaga kömek edýär. Sanly bazar Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Täjigistanly, Türkmenistanly we Özbegistanly el işi senetçileriniň halkara müşderilerine gönükdirilen täze satuw ýollaryna girmäge mümkinçilik döreder.


Türkmenistanyň we Eýranyň deňiz we guryýer portlarynda infrastrukturanyň gurluşygyna maýa goýmak pikiri penşenbe güni Moskwada Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň mejlisinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň eden çykyşynda teklip edildi. Bilelikdäki maýa goýumlary Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň eksport geografiýasyny ep-esli giňelder we guramanyň agza ýurtlarynyň maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer – diýip, gazak lideri aýtdy. Bu barada Akordanyň resmi Telegram kanaly habar berýär.


Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinsýan uýgur awtonom sebitiniň paýtagty Urumçi bilen Owganystanyň paýtagty Kabulyň arasynda yzygiderli uçuşlar dikeldildi.


Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy taraplaryň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň birnäçesini geçirdi.


Penşenbe güni, Aşgabatda aprel-maý aýlarynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň türgenlerini dabaraly gutlamak geçirildi. Şäher gününe gabat gelýän bu dabara paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde geçirildi we türgenlere gutlaglaryny iberen Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça guraldy.


25-nji maýda GDA-nyň baş edarasynda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň arasynda saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk konsepsiýasyny täzelemek boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berildi.