HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saglyk we dostluk üçin ylgaw: #Runylga marafony Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi

Maý 26, 2023 | 10:55 |11821
Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy taraplaryň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň birnäçesini geçirdi.Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy taraplaryň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň birnäçesini geçirdi.
Çeşme: awtoryňky

Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy taraplaryň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň birnäçesini geçirdi.

Aşgabat stadionynda geçen çäre #Runylga atly ylgawy we Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde guralan çagalaryň arasynda mini-futbol boýunça ýaryşy öz içine aldy.

Runylga marafony dürli ýaş derejelerindäki ýüzlerçe adama 3 km, 10 km, 15 km we 20 km aralyklara ylgamakda öz güýjüni synamaga mümkinçilik berdi. Maýyl, gaty yssy bolmadyk güneşli howa tutuş çäräniň dowamynda marafona gatnaşyjylar bilen boldy. Uly bolmadyk sowgatlar belli bir aralygy ylgap geçendigi üçin ylgawçylar üçin goşmaça höwes döretdi.

Бег за здоровье и дружбу: марафон #Runylga объединил жителей Ашхабада

Gurnaýjylar ORIENT bilen söhbetdeşlikde bu çäräni guramak arkaly öz öňlerinde ýeňijini kesgitlemek wezipesini goýmandyklaryny, diňe sagdyn durmuş ýörelgesi üçin çykyş etmek isländiklerini bellediler.

Türkmen blogerleriniň birnäçesi çärä gyzyklanma bildirdiler. Olaryň biri —Muhammet Berdiýew ylgawyň bilelikdäki guramaçysy boldy. Marafon wagtynda ol ädimleri ýasaýjynyň wezipesini ýerine ýetirdi, tutuş çäräniň dowamynda onuň depginini artdyrdy.

Wakalaryň gidişine gapdaldan seredýän tomaşaçylar üçin ylgaw irräk turmak we irdenki ylgawa çykmak, we indiki marafona gatnaşmak üçin höweslendirme boldy.

Dört topar bir wagtda çagalaryň arasynda mini-futbol boýunça geçirilen tutluşykda bir ýere geldiler. Ýaryşyň jemleri boýunça olimpiýa ätiýaçlygynyň çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň «Diýar» kluby ýeňiş gazandy.

Бег за здоровье и дружбу: марафон #Runylga объединил жителей Ашхабада

Çäre tamamlanandan soňra oňa gatnaşanlaryň ählisi şahadatnamalar we ýaryşy gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026