HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Türkmenistan bilen Eýranyň portlarynyň infrastrukturasyna maýa goýmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirýär

Maý 26, 2023 | 18:16 |7302
Türkmenistanyň we Eýranyň deňiz we guryýer portlarynda infrastrukturanyň
gurluşygyna maýa goýmak pikiri penşenbe güni Moskwada Ýewraziýa Ykdysady
Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň mejlisinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart
Tokaýewiň eden çykyşynda teklip edildi. Bilelikdäki maýa goýumlary Ýewraziýa
Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň eksport geografiýasyny ep-esli giňelder
we guramanyň agza ýurtlarynyň maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer – diýip,
gazak lideri aýtdy. Bu barada Akordanyň resmi Telegram kanaly habar berýär.Türkmenistanyň we Eýranyň deňiz we guryýer portlarynda infrastrukturanyň
gurluşygyna maýa goýmak pikiri penşenbe güni Moskwada Ýewraziýa Ykdysady
Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň mejlisinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart
Tokaýewiň eden çykyşynda teklip edildi. Bilelikdäki maýa goýumlary Ýewraziýa
Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň eksport geografiýasyny ep-esli giňelder
we guramanyň agza ýurtlarynyň maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer – diýip,
gazak lideri aýtdy. Bu barada Akordanyň resmi Telegram kanaly habar berýär.
Çeşme: Akorda.kz

Türkmenistanyň we Eýranyň deňiz we guryýer portlarynda infrastrukturanyň gurluşygyna maýa goýmak pikiri penşenbe güni Moskwada Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň mejlisinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň eden çykyşynda teklip edildi. Bilelikdäki maýa goýumlary Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň eksport geografiýasyny ep-esli giňelder we guramanyň agza ýurtlarynyň maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer – diýip, gazak lideri aýtdy. Bu barada Akordanyň resmi Telegram kanaly habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti EAEU-nyň soňky netijede Ýewropa bilen Aziýanyň, global Günorta we Demirgazygyň arasynda baglanyşyk boljakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtyň özünde Tokaýew “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini Hazar transmilli ugry bilen bilelikde ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu taslamada Gazagystanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ygtybarly logistika merkezi hökmünde çykyş etjekdigini, bu ugurda özüniň ähli mümkinçiliklerini we çeşmelerini ulanjakdygyny belledi.

Yglan edilen meýilnamalaryň gysga möhletlerde ýerine ýetirilmegi üçin Gazagystanyň döwlet baştutany uzynlygy 2873 kilometre barabar Çelýabinsk-Bolaşak- Eýran demir ýoly boýunça ýokary tizlikli ýük otlylaryny işe girizmegi teklip etdi. Tokaýew Bolaşak-Eýran demir ýolunyň bir böleginiň Türkmenistanyň çäginden geçýändigine ünsi çekdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen alymlary «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasyna gatnaşýarlar

Türkmen alymlary «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasyna gatnaşýarlar

17:46 Awgust 10, 2026
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026