Habarlar

Balkan welaýaty bugdaý tabşyrmak meýilnamasyny tamamladyBalkan welaýaty bugdaý tabşyrmak meýilnamasyny tamamlady

Balkan welaýaty bugdaý tabşyrmak meýilnamasyny tamamlady

Balkan welaýatynyň däne öndürijileri bugdaý hasylyny ýygnamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdiler. Bu barada mejlisiň dowamynda oba hojalygynyň wise-premýeri wezipesine bellenen, deňiz ýakasy sebitiniň öňki häkimi Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen türkmen hökümetiniň mejlisinde aýtdy. Ol, bu wezipede saglyk ýagdaýy sebäpli işinden çekilen Annageldi Ýazmyradowyň ýerine geçdi.

Türkmenistanyň migrasiýa we serhet gullugynyň işgärleri resminama howpsuzlygy boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdylarTürkmenistanyň migrasiýa we serhet gullugynyň işgärleri resminama howpsuzlygy boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdylar

Türkmenistanyň migrasiýa we serhet gullugynyň işgärleri resminama howpsuzlygy boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdylar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan ýol resminamalarynyň howpsuzlygy boýunça tälimçiler üçin gurnalan okuw seminarlarynyň tapgyry anna güni deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde tamamlandy. Bilermenler umumy we çuňlaşdyrylan okuw maksatnamalary boýunça sapak geçdiler we mundan beýläk-de ýerlerde işgärleri taýýarlamak üçin materiallar toplumyny aldylar.

Ýapon awiakompaniýasy ýolagçylara kärendesine dynç alyş üçin egin - eşikleri hödürleýärÝapon awiakompaniýasy ýolagçylara kärendesine dynç alyş üçin egin - eşikleri hödürleýär

Ýapon awiakompaniýasy ýolagçylara kärendesine dynç alyş üçin egin - eşikleri hödürleýär

“Japan Airlines” awiakompaniýasy goşsuz uçýan ýolagçylar we jahankeşdeler üçin synag geýim kärendesi hyzmatyny ýola goýdy. Indi syýahatçylar diňe şahsy arassaçylyk esbaplary bilen çäklenip, ýany bilen çemodan almasalar-da bolar. Bu ädim eko syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berer – diýip, howaýollarynyň çarşenbe güni beren beýanatynda bellenilýär.

Şwesiýada saklanýan 800-e golaý gadymy golýazma Özbegistana “göçer”Şwesiýada saklanýan 800-e golaý gadymy golýazma Özbegistana “göçer”

Şwesiýada saklanýan 800-e golaý gadymy golýazma Özbegistana “göçer”

Gadymy türki golýazmalar häzirki wagtda Şwesiýanyň Uppsala we Lund uniwersitetleriniň kitaphanalarynda saklanýar. Kitap neşirleriniň ýeke-täk gadymy nusgalary XIX we XX asyrlarda şwesiýaly missionerler tarapyndan ýygnaldy. Kitaphana gorlarynda türki eserleriň jemi 858-si saklanýar, olaryň 500-den gowragynyň dublikaty bar we olaryň hemmesi Özbegistana ugradylar – diýip, upl.uz habar berýär.

Elektronika dünýäsi dükany kir ýuwujy maşynlary we tozan sorujylary sowgat berýärElektronika dünýäsi dükany kir ýuwujy maşynlary we tozan sorujylary sowgat berýär

Elektronika dünýäsi dükany kir ýuwujy maşynlary we tozan sorujylary sowgat berýär

Elektronika dünýäsi we “Berkarar” SDAM-niň SAMSUNG dükanlary iýul aýynyň 7-den 31-i aralygynda “Amatly tomus” aksiýany geçirýär. Aksiýanyň çäklerinde dükanlardan dünýä belli HITACHI sowadyjylarynyň bellenen görnüşlerini satyn alan müşderilere WHIRLPOOL kir ýuwujy maşyny ýa-da HITACHI tozan sorujylary sowgat beriler. HITACHI sowadyjylaryna dükanlar tarapyndan 3 ýyl kepillik berilýär.

Türkmen-iňlis hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökümünde energetika we oba hojalygy kesgitlediTürkmen-iňlis hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökümünde energetika we oba hojalygy kesgitledi

Türkmen-iňlis hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökümünde energetika we oba hojalygy kesgitledi

Çarşenbe güni, Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Daşary işler ministrliginiň Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň we Ösüş meseleleri boýunça döwlet sekretarynyň Parlament orunbasary, ministr Leo Doherti, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdasadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Britaniýaly myhman türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip, Türkmenistanyň DIM habar berýär.