HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýapon awiakompaniýasy ýolagçylara kärendesine dynç alyş üçin egin - eşikleri hödürleýär

Iýul 06, 2023 | 23:58 |5238
“Japan Airlines” awiakompaniýasy goşsuz uçýan ýolagçylar we
jahankeşdeler üçin synag geýim kärendesi hyzmatyny ýola goýdy. Indi
syýahatçylar diňe şahsy arassaçylyk esbaplary bilen çäklenip, ýany bilen
çemodan almasalar-da bolar. Bu ädim eko syýahatçylygy ösdürmäge ýardam
berer – diýip, howaýollarynyň çarşenbe güni beren beýanatynda bellenilýär.“Japan Airlines” awiakompaniýasy goşsuz uçýan ýolagçylar we
jahankeşdeler üçin synag geýim kärendesi hyzmatyny ýola goýdy. Indi
syýahatçylar diňe şahsy arassaçylyk esbaplary bilen çäklenip, ýany bilen
çemodan almasalar-da bolar. Bu ädim eko syýahatçylygy ösdürmäge ýardam
berer – diýip, howaýollarynyň çarşenbe güni beren beýanatynda bellenilýär.
Çeşme: Getty Image

“Japan Airlines” awiakompaniýasy goşsuz uçýan ýolagçylar we jahankeşdeler üçin synag geýim kärendesi hyzmatyny ýola goýdy. Indi syýahatçylar diňe şahsy arassaçylyk esbaplary bilen çäklenip, ýany bilen çemodan almasalar-da bolar. Bu ädim eko syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berer – diýip, howaýollarynyň çarşenbe güni beren beýanatynda bellenilýär.

Any Wear (islendik geýim) atly taslamanyň çäklerinde Ýaponiýa barýan syýahatçylar eşikleri bir aý öňünden iki hepdä çenli çäkli kärende möhleti bilen bron edip bilerler. Syýahatçylaryň eginbaşlaryň ölçegini, stilini we reňkini saýlamaga hukugy bar. Egin-eşikler ýolagçy gelmezden ozal onuň baryp düşlejek myhmanhanasyna eltiler. Saparyň ahyrynda geýimler gury arassalama hyzmatyna ugradylar.

Awiakompaniýanyň bu synag hyzmaty 5-nji iýulda hereket edip başlady we 2024-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli dowam eder. Kompaniýanyň pikirine görä, barmaly ýerinde hödürlenýän egin-eşik kärendesi müşderilere "minimal goş bilen syýahat etmek" mümkinçiligini üpjün eder. Aksiýa ekologiýany saýlaýan daşary ýurtly syýahatçylara we Ýaponiýadaky işewür adamlara gönükdirilendir. Awiakompaniýa ýolagçylaryň hasaba alynýan goşlarynyň agramynyň üýtgemesini yzarlar we bu hyzmaty ulanmak bilen uçaryň agramyny azaltmak arkaly kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagyň netijeliligini barlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026