Moskwada Golliwudyň we Bolliwudyň analogy bolan kinomediaklasteri peýda bolar

Iýul 07, 2023 | 21:55 |5940
Geljegiň kinomediaklasteri Moskwanyň gündogarynda ýerleşer. Anna
güni şäheriň meri Sergeý Sobýanin Golliwud we Bolliwud ýaly
bäsdeşlige ukyply kino platformasyny döretmek boýunça işleriň gidişi
bilen tanyşdy – diýip, TASS habar berýär.Geljegiň kinomediaklasteri Moskwanyň gündogarynda ýerleşer. Anna
güni şäheriň meri Sergeý Sobýanin Golliwud we Bolliwud ýaly
bäsdeşlige ukyply kino platformasyny döretmek boýunça işleriň gidişi
bilen tanyşdy – diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: Mir24

Geljegiň kinomediaklasteri Moskwanyň gündogarynda ýerleşer. Anna güni şäheriň meri Sergeý Sobýanin Golliwud we Bolliwud ýaly bäsdeşlige ukyply kino platformasyny döretmek boýunça işleriň gidişi bilen tanyşdy – diýip, TASS habar berýär.

Taslama 2023-nji ýylyň mart aýynda badalga aldy. Kino öndürijileriň birleşigi 24 gektardan gowrak meýdanda ýerleşer. Onuň düzüminde kino düşürmek üçin häzirki zaman pawilýonlary, studiýalar, ofisler, multimediýa merkezi we mediaklasteriň doly siklini üpjün edýän beýleki desgalar bolar.

Ähli enjamlar ýokary tehnologiýaly bolar. Şol bir wagtyň özünde, klaster bilim ugrundan hem kämillik mekdebine öwrüler, ol ýerde häzirki zaman kinosy öwreniler. Toplumyň umumy meýdany 170 müň inedördül metre deň bolar.

Habarlar agentligi Sobýaniniň: “Şonuň üçin biz öz öňümizde düýnüň ýa-da öňňüniň däl, hatda şu günüň hem däl, geljegiň pawilýonyny döretmek meselesini goýýarys” – diýen sözlerini getirýär.

ORIENT news