HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pariž 12 gatdan ýokary jaý gurmagy gadaganlygyna gaýdyp geldi

Iýul 06, 2023 | 23:26 |7404
Parižde 12 gatdan ýokary, ýagny 37 metrden belent jaý gurmagy gadagan
edýän kanun güýje girdi. Fransiýanyň paýtagty pes gatly şäher bolmak
hukugy üçin köpden bäri göreşip gelýär we ekologik gurluşyga ýardam
bermäge gönükdirilen täze “Şäherleşmäniň ýerli meýilnamasyny” (PLU)
kabul etdi – diýip, “euronews” ýazýar.Parižde 12 gatdan ýokary, ýagny 37 metrden belent jaý gurmagy gadagan
edýän kanun güýje girdi. Fransiýanyň paýtagty pes gatly şäher bolmak
hukugy üçin köpden bäri göreşip gelýär we ekologik gurluşyga ýardam
bermäge gönükdirilen täze “Şäherleşmäniň ýerli meýilnamasyny” (PLU)
kabul etdi – diýip, “euronews” ýazýar.
Çeşme: euronews.com

Parižde 12 gatdan ýokary, ýagny 37 metrden belent jaý gurmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Fransiýanyň paýtagty pes gatly şäher bolmak hukugy üçin köpden bäri göreşip gelýär we ekologik gurluşyga ýardam bermäge gönükdirilen täze “Şäherleşmäniň ýerli meýilnamasyny” (PLU) kabul etdi – diýip, “euronews” ýazýar.

Ilkinji gezek Parižde 37 metrden beýik jaýlaryň gurulmagyna gadaganlyk halk köpçüliginiň tankyt tolkunyna sebäp bolan beýikligi 209 metr Monparnas diňiniň gurluşygy tamamlanandan soň, ýagny 1977-nji ýylda girizildi. Bu çäklendirme 2010-njy ýyla çenli hereket etdi we ozalky mer Bertrand Delanoe tarapyndan ýatyryldy: şonda şäherde 180 metr beýiklikde edara binalaryny we 50 metrlik ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga rugsat berildi.

1 (2).jpg

Häzirki wagtda Pariž 1977-nji ýyla gaýdyp geldi. Gadaganlyk şäher häkimi Anne Hidalgonyň “Ýerli bioklimatik şäher meýilnamasy” diýlip atlandyrylýan kömürturşy gazy azaltmak boýunça maksatnamasynyň çäginde girizildi.

Bu kararyň başga bir sebäbi – paýtagtyň üçünji beýik binasy boljak piramida görnüşindäki “Tour Triangle” diňiniň jedelli gurluşygyndadyr. Onda myhmanhana we ofisler, dükanlar we restoranlar ýerleşer.

2 (1).jpg

Şäher häkimi Hidalgo gadaganlygyň "howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna garamazdan, Pariže ýakyn ýyllarda özüne çekiji we ajaýyp" bolup galmagyna mümkinçilik berýän has giň "bioklimatik" meýilnamanyň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026