

Hytaýda Messiniň aýak yzlary galan gazon satuwa çykarylar
Lionel Messiniň iýun aýynda üstünde futbol oýnan torf (gazon) bölekleri Pekindäki Işçiler stadionynyň dolandyryş kompaniýasy tarapyndan satylar. Bölekleriň ölçegi görkezilmedik, ýöne olar argentinaly meşhur futbolçynyň oýun meýdançasynda işjeň hereketleri bilen tapawutlanan ýerlerinden alyndy. Mysal üçin, Messiniň oýnuň 81- nji sekundynda geçiren goluny uran ýeri – diýip, South China Morning Post gazeti ýazýar.




















