

Türkmenistanly ýaş artistler Moskwada geçiriljek çagalar medeni forumyna gatnaşarlar
Moskwada, 10-12-nji awgust aralygynda II Halkara çagalar medeni forumy geçiriler. Festiwal döredijilikli zehinli çagalara goldaw bermek, täsin gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek hem-de olary medeniýet pudagyndaky dünýä üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenendir.


















