Habarlar

Sankt-Peterburgda "Rus dili - GDA sebitinde integrasiýa dialogynyň esasy" atly maslahat geçirilerSankt-Peterburgda "Rus dili - GDA sebitinde integrasiýa dialogynyň esasy" atly maslahat geçiriler

Sankt-Peterburgda "Rus dili - GDA sebitinde integrasiýa dialogynyň esasy" atly maslahat geçiriler

26-27-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda "Rus dili - GDA sebitinde integrasiýa dialogynyň esasy" atly Halkara maslahat geçiriler. Maslahata häkimiýetleriň, medeni guramalaryň, ylym we bilim edaralarynyň, halkara guramalaryň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Durnukly syýahatçylygyň ösdürilişi boýunça Dubaýyň myhmanhanalary sylaglanarDurnukly syýahatçylygyň ösdürilişi boýunça Dubaýyň myhmanhanalary sylaglanar

Durnukly syýahatçylygyň ösdürilişi boýunça Dubaýyň myhmanhanalary sylaglanar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň myhmanhanalary durnukly syýahatçylygy ösdürmekde eden tagallalary üçin altyn, kümüş we bürünç markalar bilen belgilener. “Dubaýyň durnukly syýahatçylyk markalary” durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde, energiýany we beýleki tebigy serişdeleri tygşytly ulanmakda we kömürturşy bitaraplygyny gazanmakda myhmanhanalaryň edýän tagallalaryny görkezmekde ähmiýetli bolar.

Teknofest tehologiki festiwaly startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhletini uzaltdyTeknofest tehologiki festiwaly startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy

Teknofest tehologiki festiwaly startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy

Türkiýede her ýylda geçirilýän aerokosmiki we tehnologiki innowasiýalaryň dünýä festiwaly Teknofest startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň möhletiniň uzaldylýandygyny yglan etdi. Indi ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Bu barada ORIENT-e Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet we syýahatçylyk Bölüminde habar berdiler. Möhletiň uzaldylmagy dürli ýurtlardan işläp düzüjileriň topary tarapyndan bäsleşige uly gyzyklanma bildirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Parižde 100 ýyllyk arakesmeden soň Sena derýasynda suwa düşmäge rugsat berlerParižde 100 ýyllyk arakesmeden soň Sena derýasynda suwa düşmäge rugsat berler

Parižde 100 ýyllyk arakesmeden soň Sena derýasynda suwa düşmäge rugsat berler

Parižiň şäher häkimiýeti 100 ýyllyk arakesmeden soň Senada suwa düşmäge rugsat bermegi göz öňünde tutýar. Fransuz paýtagtynyň meri Ann Idalgo 2025-nji ýylda şäherde Senada suwa düşmek üçin üç zolagyň açyljakdygyny tassyklady. Derýada arassalaýyş işleri tamamlanandan soň, şäher derýasynda ýüzüş 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň esasy üstünliklerinden biri bolar. “Le Parisien” gazetiniň berýän habaryna görä, Oýunlaryň maksatnamasyna laýyklykda, paýtagt derýasynda olimpiýa we paralimpiýa ýaryşlarynyň üçüsini - triatlon, marafon ýüzüşi we paratriatlon geçirmek meýilleşdirilýär.