Habarlar

Merkezi Aziýanyň ýaşlary Omsk şäherinde syýahatçylyk taslamalaryny tanyşdyrdylarMerkezi Aziýanyň ýaşlary Omsk şäherinde syýahatçylyk taslamalaryny tanyşdyrdylar

Merkezi Aziýanyň ýaşlary Omsk şäherinde syýahatçylyk taslamalaryny tanyşdyrdylar

8 - 10-njy noýabrda Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 100- den gowrak wekil Omsk şäherinde geçirilen “Russiýa - Merkezi Aziýa sebiti” atly ýaş liderleriň forumyna gatnaşdylar. Düzümi esasan ýaşlardan ybarat bolan wekiliýet agzalary forumda syýahatçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly 19 taslamany tanyşdyrdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmentel-2023" forumyna gatnaşyjylary gutladyPrezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmentel-2023" forumyna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmentel-2023" forumyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Döwlet Baştutany özüniň gutlag hatynda ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Lukmançylyk kömegine ýardam bermek: çaganyň ösüşine baha bermek üçin elektron programma hödürlenýärLukmançylyk kömegine ýardam bermek: çaganyň ösüşine baha bermek üçin elektron programma hödürlenýär

Lukmançylyk kömegine ýardam bermek: çaganyň ösüşine baha bermek üçin elektron programma hödürlenýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF başlangyç saglygy goraýyş merkezleriniň lukman işgärleri üçin Çaga ösüşine gözegçilik gollanmasyny (ÇÖGG) ulanmak boýunça okuwlary dowam etdirýärler. Sentýabr aýynda başlanan we häzirki wagtda dowam etdirilýän bu maksatnama, ýurduň we Aşgabadyň ähli sebitlerinde görkeziş meýdançalarynda irki ýüze çykarmak we gatyşmak we çaga lukmançylyk hyzmatlaryny durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.