Habarlar

Türkmenistanda ýylyň jemleri jemlendi we özgerişlerdäki ýaşlaryň tutýan ornuna baha berildiTürkmenistanda ýylyň jemleri jemlendi we özgerişlerdäki ýaşlaryň tutýan ornuna baha berildi

Türkmenistanda ýylyň jemleri jemlendi we özgerişlerdäki ýaşlaryň tutýan ornuna baha berildi

Çarşenbe güni, 27-nji dekabrda Aşgabatda 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça halkara maslahat geçirildi, onuň çäginde Türkmenistanyň ähli pudaklarynda gazanylan netijeleri şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň döwlet durmuşynda tutýan ornuny görkezýän köpugurly sergi açyldy, sebäbi forumyň esasy maksady ýaşlaryň ýurduň, milli ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşine goşýan goşandyny açyp görkezmekdi.

Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutladySerdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutlady

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow göni aragatnaşykda Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Arkadag” toparynyň, ilkinji gezek milli futbol çempionatynda ýaryşyp, möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony bolup, düýn bolsa, Kubogy alyp goşa altyn medala eýe bolandygyny habar berdi.

CNPC-niñ Türkmenistandaky wekilhanasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýaş hünärmenleri taýýarlaýarCNPC-niñ Türkmenistandaky wekilhanasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýaş hünärmenleri taýýarlaýar

CNPC-niñ Türkmenistandaky wekilhanasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýaş hünärmenleri taýýarlaýar

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” kompaniýasynyň (CNPCIT) wekilhanasy 2009-njy ýyldan bäri “CNPC” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda şertnamany durmuşa geçirmegiň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdebinde - Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okamaga Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny iberýär.