HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

4G ulgamy Internete bolan islegi has-da artdyrýar

Mart 04, 2024 | 15:28 |5175
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli aragatnaşyk ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça innowasion meýilnamalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar.«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli aragatnaşyk ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça innowasion meýilnamalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar.
Çeşme: setinoid.ru

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli aragatnaşyk ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça innowasion meýilnamalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda «Altyn Asyr» ÝGPJ-i tarapyndan 4G ülňüsinde işleýän iberiji we kabul ediji enjamlary Türkmenistanyň çägi boýunça tapgyrlaýyn gurnalyp ulanyşa goýberilýär. Ýerine ýetirilen işleriň hatarynda:

Ahal welaýaty - Babadaýhan, Tejen, Kaka Ak bugdaý, Gökdepe, Bäherden we Sarahs etraplarynda;

Balkan welaýaty - Türkmenbaşy, Balkanabat, Gumdag, Hazar şäherlerinde, şeýle hem Magtymguly, Serdar, Bereket, Etrek, Esenguly etraplarynda;

Daşoguz welaýaty - Daşoguz şäherinde, Görogly, Gubadag, Şabat, Akdepe, Gurbansoltan eje, Boldumsaz, Köneürgenç we Türkmenbaşy etraplarynda;

Mary welaýaty - Mary şäherinde, Baýramaly, Wekilbazar, Mary, Murgap, Türkmengala, Sakarçäge, Garagum, Ýolöten, Tagtabazar we Serhetabat etraplarynda;

Lebap welaýaty boýunça - Türkmenabat şäherinde, Dähew etrabynda 4G iberiji we kabul ediji beketleri gurnalyp ulanyşa goýberildi.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki, Döwletli, Köýtendag, Hojambaz, Farap hem-de Darganata etraplarynda 4G ülňüsinde işleýän iberiji we kabul ediji enjamlaryň gurnama işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmak, pudaga döwrebap tilsimatlary giňden ornaşdyrmak, halkara tejribesinden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, Internet hyzmatlarynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny gazanmak ýaly aragatnaşyk pudagynyň öňünde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026