HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we tatar ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

Fewral 29, 2024 | 10:03 |4217
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow we Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Innopolis uniwersitetiniň prorektory Ýewgeniý Bobrow bilen gepleşikleri geçirdiler.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow we Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Innopolis uniwersitetiniň prorektory Ýewgeniý Bobrow bilen gepleşikleri geçirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow we Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Innopolis uniwersitetiniň prorektory Ýewgeniý Bobrow bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Russiýanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okatmagyň häzirki zaman usullary, ylmy barlaglar we beýleki ugurlar boýunça özara tejribe alyşmak üçin hyzmatdaşlygy ýola goýaga gyzyklanma bildirdiler. Türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Innopolis uniwersitetde okadylýan ugurlar türkmen tarapynda uly gyzyklanma döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanmyrat Mezilow Türkmenistanyň tehnologiýa babatda öňdebaryjy bilim ojagynyň tatar ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleriniň arasynda özara alyşmalary guramaga gyzyklanmalaryny beýan etdi. Innopolis uniwersiteti maglumat tehnologiýalary we inženeriýa ugrunda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan öňdebaryjy bilim merkezleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory tatar tarapyny ýokary okuw mekdebinde geçiriljek halkara ylmy maslahatlara gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça hem ylalaşyga geldiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026