HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi

Mart 04, 2024 | 00:48 |10342
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMKA) çäklerinde adam söwdasyny we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMKA) çäklerinde adam söwdasyny we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMKA) çäklerinde adam söwdasyny we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň 29-njy fewraly – 1-nji marty aralygynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary, bu ugurdaky halkara we milli hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda adam söwdasynyň pidalaryny ýüze çykarmak, bikanun migrantlary we olaryň şahsyýetini anyklamak babatdaky işleri netijeli geçirmek üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly halkara tejribesini öwrendiler. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar bu ugurda okatmagyň häzirki zaman usullary bilen tanyşdylar.

Serhet gözegçiliginde töwekgelçilikleri derňemegiň ulgamyny mundan beýläk-de ulanmak üçin esasy görekezijileri we töwekgelçilikleri özünde jemleýän tejribe bukletiniň işlenilip taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026