

Sanly ösüşde halkara hyzmatdaşlyklar
“Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilatymyzy ykjam aragatnaşyk we Internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça dyngysyz işler alnyp barylýar.


“Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilatymyzy ykjam aragatnaşyk we Internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça dyngysyz işler alnyp barylýar.


Ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlaryny dolandyrmak, Aşgabat şäher häkimliginiň «Sanly şäher» täze mobil goşundysynyň kömegi arkaly has ýönekeýleşdi.


Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy şu hepdäniň, anna güni halkara mango festiwalynyň hormatyna açyk we “lezzetli” çäre geçirdi. Her ýylda bellenip dünýäniň dürli künjeklerinden tropiki miweleri söýýänleri bir ýere jemleýän bu baýram, mangonyň hormatlanýan ýeri bolan hindi medeniýetiniň baýlygyny we aşpezlik däplerini ýene bir gezek ýada saldy.


Gazagystan Respublikasynda ilkinji Emeli aň instituty açyldy, bu barada “Восточный Экспресс 24” internet neşiri habar berdi.


Gazagystanyň Türkmenistandaky täze Ilçisi wezipesine girişdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewden ynanç hatyny kabul etdi.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar.


Bäş ýüz ýyldan gowrak taryhy bilen Stambulyñ iň ähmiýetli medeni mirasyna degişli bolup durýan «Grand Bazaar» diýlip atlandyrylýan bu üsti ýapyk bazar, özüniñ myhmanhanalary, ululy-kiçili dükanlary bilen şähere gelýänleriň hökmany suratda baryp görýän ýerleriniň hatarynda durýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasaryny belläp, Nurmuhammet Amannepesowy başga işe geçýänligi sebäpli degişli wezipeden boşadyldy (ol ýurtda gurulýan täze halkara lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyna gözegçilik eder).


12-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Meýlis Rejepowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, degişli resminama gol çekdi.


15-nji iýuldan başlap, Daniýanyň Kopengagen şäherinde ekologiýa taýdan jogapkärçilikli hereketleri üçin syýahatçylary sylaglarlar diýip, BBC britan ýaýlyma beriş korporasiýasy habar berýär.


ÝUNISEF tarapyndan başlanan alty hepdelik «Psihiki saglyk we kyn ýagdaýdaky mugallymlar hem-de çagalar üçin we psihososial goldaw (PSPSG)» atly intensiw we ählumumy okuw tamamlanýar. Professional goldawa bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, bu okuw dürli pudaklarda işleýän işgärlere çagalara we terbiýeçilere psihiki saglyk we abadançylyk goldawyny bermäge, şol sanda gender zorluklary bolan ýagdaýynda hem bu goldawy bermäge mümkinçilik döredýär.


I.M. Seçenow adyndaky Birinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary tarapyndan taýýarlanylan epidemiologiýa we suw üpjünçiliniň gigiýenasy boýunça okuw kitaplary GDA ýurtlarynda tanyşdyrylar. Bu barada teklip Duşenbe şäherinde geçirilen “Durnukly ösüş üçin suw” ýokary derejeli Üçünji halkara maslahatynda beýan edildi.


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar aýratyn maliýeleşdirilýän bilelikdäki ylmy grantlar maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler.


Gazagystanyň Almaty şäheri 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýada «iň gymmat şäher» adyny saklap gelýär diýip, Gazagystanyň halkara habarlar agentligi durmuşyň bahasy we hili boýunça dünýädäki iň iri maglumatlar merkezine «Numbeo» salgylanyp habar berýär.


Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahat edýän hytaýly jahankeşdeleriň sany barha artýar, diýip Hytaýyň iňlis dilinde neşir edilýän China daily gazeti habar berýär.