HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda Emeli aň instituty açyldy

Iýul 18, 2024 | 09:55 |8500
Gazagystan Respublikasynda ilkinji Emeli aň instituty açyldy, bu barada  “Восточный Экспресс 24” internet neşiri habar berdi.Gazagystan Respublikasynda ilkinji Emeli aň instituty açyldy, bu barada  “Восточный Экспресс 24” internet neşiri habar berdi.
Çeşme: asia24.media

Gazagystan Respublikasynda ilkinji Emeli aň instituty açyldy, bu barada “Восточный Экспресс 24” internet neşiri habar berdi.

Täze institut Gyzylorda şäherinde Gorkyt Ata adyndaky ýerli uniwersitetiň binýadynda döredildi.

Bu ýyl institut dört sany: “Informatika”, “Maglumat ulgamlary”, “Kiberhowpsuzlyk” we “Kompýuter programmirleme we programma üpjünçiligini ösdürmek” bilim maksatnamalary boýunça 100 grant bölüp berdi.

Geljekde bilim edarasy häzirki zaman barlaghanalaryny açmagy we ösen bilim maksatnamalaryny girizmegi meýilleşdirýär.

Tehniki bilimler bilen bir hatarda talyplar daşary ýurt dillerini hem özleşdirerler. Şeýlelikde, talyplar rus we gazak dillerinden başga-da iňlis we koreý dillerini öwrenerler.

Gazagystan bilen Günorta Koreýanyň bilelikdäki taslamasy Gazagystanly talyplara maglumat tehnologiýasy pudagynda öňdebaryjy bilimleri almaga we bilelikdäki gözlegleri geçirmäge mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026