Habarlar

Türkmenistanyň daşary işler ministri we BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdylarTürkmenistanyň daşary işler ministri we BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri we BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze şu ýylda bilelikde geçiriljek çäreleri maslahatlaşdylar.

USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýärUSAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär

USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär

16-njy fewral, 2024-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumyny geçirdi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy.