HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda barlaghanalarda biohowpsuzlygy we biogoraglylygy üpjün etmek boýunça okuw sapagy geçirildi

Awgust 09, 2024 | 12:35 |8433
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy saglygy goraýyş we weterinariýa gullugynyň wekilleri üçin biohowpsuzlygy we biogoraglylygy üpjün etmek boýunça okuw sapagyny geçirdi.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy saglygy goraýyş we weterinariýa gullugynyň wekilleri üçin biohowpsuzlygy we biogoraglylygy üpjün etmek boýunça okuw sapagyny geçirdi.
Çeşme: instagram.com/who_turkmenistan

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy saglygy goraýyş we weterinariýa gullugynyň wekilleri üçin biohowpsuzlygy we biogoraglylygy üpjün etmek boýunça okuw sapagyny geçirdi.

Aşgabatdaky okuwy sapygyny BSGG-nyň Ýewropa sebitleýin bölüminiň geňeşçileri Gulmira Kalmambetowa we Aleksandr Jaguparow alyp bardy. Bu okuw sapagynyň maksady Türkmenistandaky barlaghanalarda biohowpsuzlygyny we biogoraglylygy berkitmäge gönükdirilendir.

Barlaghana hyzmatlarynyň hili diňe bir aýry-aýry hassalara berilýän lukmançylyk kömeginiň hiline täsir etmän, eýsem her ýurtda ilatyň jemgyýetçilik saglygynyň howpsuzlygy üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.

BSGG-nyň ählumumy gözýetiminiň bir bölegi (Barlaghana ulgamlaryny güýçlendirmek baradaky 2008-nji ýylda kabul edilen Maputo Jarnamasyna laýyklykda) barlaghanalary güýçlendirmek, barlaghanalarda milli hil standartlarynyň durmuşa geçirilmegine esaslanmalydyr.

Toplumlaýyn hil dolandyryş ulgamy barlaghanalaryň ykrar edilen biohowpsuzlyk we biogoraglylyk ülňülerine we kadalaryna laýyk gelmegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy birnäçe degişli gurallary we okuw kurslaryny döretdi. BSGG-nyň barlaghanalarda biohowpsuzlyk boýunça gollanmasy şolaryň biridir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026