

Aşgabatda «Vertera Open» - saglyk we gözellik üçin suw otlaryndan önümler
Şu gün "Aşgabat" söwda we dynç-alyş merkezinde türkmen paýtagtynda "Vertera" kompaniýasynyñ söwda wekilhanasynyń açylmagy mynasybetli "Vertera Open" dabaraly çäresi geçirildi.


Şu gün "Aşgabat" söwda we dynç-alyş merkezinde türkmen paýtagtynda "Vertera" kompaniýasynyñ söwda wekilhanasynyń açylmagy mynasybetli "Vertera Open" dabaraly çäresi geçirildi.


16-njy awgust, anna güni, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Mary şäheriniň häkimi hem-de Mary welaýatynyň iki etrabynyň häkimleri täzelendi.


16-njy awgust, anna güni, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP) ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideo arkaly gepleşikleri geçirdi.


Ýokardan suratlandyrma – lukmançylygyň geljegimi? Lukman Lo Sinsýuan 5000 km uzaklykda ýarawsyzyň öýkenindäki çişi aýyrmakda robotlaşdyrylan hirurgiki enjamlaryň ulanylyşyny dolandyrmak üçin çylşyrymly dolandyryş merkezinde bu usuly ulanýar.


Minskde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre 14-nji awgustda Belarussiýanyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň we medeni gatnaşyklarynyň binasy bolan – Dostluk öýünde geçirildi.


“Goç Ýigit” brendi çagarlar üçin “Oguzlar” kolleksiýasyny 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasynda (satuw) hödürlär.


Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Pekinde geçirilen serhetüsti logistika boýunça seminara işjeň gatnaşdylar. Çäre iýul aýynyň 30-dan awgust aýynyň 12-ne çenli HHR-yň Söwda ministrliginiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Guramaçy hökmünde Halkara işewürleriň Akademiýasy (AIBO) çykyş etdi.


12-nji awgustda Awazada Halkara Hazar gününe bagyşlanylyp geçirilen Maslahatynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň ynanylan wagtlaýyn wekili Pýotr Şýukin çykyş edip, ýylyň ahyrynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy.


Duşenbe güni, 12-nji awgusta Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan we Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew şu ýylyň güýzünde Bişkek şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasnyň (TDG) 11-nji Sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdyrlar.


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen matematika boýunça 31-nji Halkara ders bäsleşigine gatnaşyp, 14 sany – 3 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medala eýe boldular.


“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň golçur kärhanasy “Glawkosmos” paýdarlar jemgyýeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) dolandyrylýan täjirçilik uçuşlary üçin maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi.


Seul şäherinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Maslahatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Sekretariatynyň 15-nji mejlisi geçirildi.


Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesillere nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy


Ýaponiýanyň Ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrligi metrolarda we otlularda ýolagçylaryň sanyny ölçemek üçin “gazet okamagyň” ulanylmagyny könelişen hasaplady.


Türkmenistanyň hökümeti we Halkara zähmet guramasy (HZG) 2023-nji ýylda kabul edilen ýurtda pagta ýygnamak möwsüminde zähmet şertlerini derňemek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasynyň Goşundylaryna gol çekdiler.