Habarlar

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildiTürkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi

9-njy maýda Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Däp bolşy ýaly, Aşgabatda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýmak dabarasy boldy. Bu baýramçylygyň iň uly wakasy – diňe söweş meýdanynda wepat bolan esgerleri hatyralamak bilen çäklenmän, eýsem, nesilleriň, jemgyýetiň we dürli halklaryň jebisligini alamatlandyrýar.

Hazarýaka ýurtlarynyň diplomatlary Astrahanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary hatyraladylarHazarýaka ýurtlarynyň diplomatlary Astrahanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary hatyraladylar

Hazarýaka ýurtlarynyň diplomatlary Astrahanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary hatyraladylar

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda Hazarýaka ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary Doganlyk bagynda «Baky şöhrat ody» ýadygärligine gül desselerini goýdular. Olar Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar diýip, Astrahan oblastynyň dolandyryş edaralarynyň portalynda habar berilýär.

USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnadyUSAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady

USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) alty sany surdoterjimeçisi üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady. 12-nji we 22-nji aprel aralygynda geçirilen bu sapar Türkmenistanda eşidiş ukyby pes bolan adamlara has-da gowy hyzmat etmekleri üçin surdoterjimeçileriň başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.