HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda statistika dersi boýunça Internet bäsleşigi geçiriler

Oktýabr 11, 2024 | 17:20 |8569
12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda statistika dersi boýunça Interne bäsleşigi geçiriler.12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda statistika dersi boýunça Interne bäsleşigi geçiriler.
Çeşme: education.gov.tm

12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda statistika dersi boýunça Interne bäsleşigi geçiriler.

Bäsleşik statistika bilen baglanyşykly meseleleri seljermäge ukyply zehinli ýaşlary terbiýelemäge, ýaşlaryň statistika bolan höwesini artdyrmaga, şeýle hem ýaş nesliň intellektual ösüşini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Her ýokary okuw mekdebiniň adyndan hünärine garamazdan üç talyba çenli gatnaşyp bilýär.

Bäsleşik 18-nji noýabrda her ýokary okuw mekdebiniň binasynda wideoragatnaşyk arkaly sagat 14:00-da başlar.

Ders bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly bilim portalynyň esasynda guralar. Portal jogapkär mugallymlar üçin intellektual ders bäsleşiginiň geçirilýän gününde elýeterli bolar.

Bäsleşik türkmen dilinde test soraglar we ýumuşlar görnüşinde geçiriler. Gatnaşmagyň esasynda alyp boljak iň ýokary ball 120-ä deňdir.

Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara 60 minut wagt beriler.

Gatnaşyjylar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlar 2024-nji ýylyň 1-10-njy noýabr aralygynda tdei@tdei.edu.tm elektron salgysyna iberilmeli.

Ähli soraglar bilen aşaky salgylara ýüz tutmaly:

Göwher Garahanowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiri, +99363047414 (annageldiyewna89@mail.ru)

Kerwen Berdiliýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy, +99362399022 (kerwenberdiliyew0@gmail.com).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026